Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Meşhur režissýor: "Biziň hemmämiz musulmandyrys!" diýip, D.Trumpa garşy çykdy


Amerikan kinorežissýory Maýkl Mur (Michael Moore).
Amerikan kinorežissýory Maýkl Mur (Michael Moore).

Amerikan kinorežissýory Maýkl Mur (Michael Moore), Donald Trumpuň musulmanlar baradaky pikiri bilen baglanyşykly bir tankydly makala ýazdy.

Mur ABŞ-da Respublikan partiýadan prezidentlige dalaşgär bolan Trumpa ýüzlenip ýazan makalasyny Facebook sosial ulgamynda ýaýratdy. Makalany ýazmazdan owal bolsa kinorežissýor elinde "Biziň hemmämiz musulmandyrys!" diýen şygar bilen "Trump Tower" diýip atlandyrylýan jaýyň öňünde durup, protest geçirdi. Soňra polis ony ol ýerden daşlaşdyrdy.

"Siziň pikiriňize görä, ol "Jyn" bütin musulmanlardyr"

Mur öz makalasyna Trumpa 1998-nji ýylda bilelikde bir tok-şow gepleşige gatnaşandyklaryny ýatlatmak bilen başlaýar. Muruň aýtmagyna görä, Trump şonda ondan gorkupdyr.

"... Efir başlanmazdan ozal, prodýuser meni bir çete çekdi. Onuň bilen bilelikde bir wagtda efire çykýandygymyz üçin "gaharlanmaly" däldigimi aýtdy. Şonda siz hem "agyr zarba" almak islemeýän bolsaňyz we özüňizi arkaýyn duýmak isleýän bolsaňyz, menden soň efire çykmak islemeýändigiňizi aýtdyňyz. Haçan-da sizi köşeşdirenlerinden soň, siz maňa tarap öwrülip şeýle diýdiňiz: "Men bu ýerde haýsam bolsa bir biynjalyk edýän ýagdaýyň döremegini islemeýärdim. Şonuň üçinem hatyrjem bolmak isläpdim. Özüňiz bilýäňiz, efirde diňe ikimiz boljagymyz üçin siziň maňa gülkünç ýagdaý döredip biljek bir söz aýtmagyňyzy islemedim". "Söz aýtmakmy? Men şonda, biz näme 3-nji klasda otyrysmy diýip oýlanypdym. Hemme ýerde özüni geplemsek hem batyrgaý görkezýän biriniň ol ýerde birden şeýle "gorkak pişige" öwrülmegine gaty geň galypdym. Ondan soň Trump hiç hili sebäp ýokka musulmanlardan gorkýandygyny aýtdy".

Meşhur amerikan kinorežissýory Mur milliarder Trumpa ýüzlenip: "... häzir biz 2015-nji ýylda ýaşaýarys. Köp adamlar ýaly sizem janyňyzy alyp biljek "jyndan" gorkýarsyňyz we, siziň pikiriňize görä, ol "jyn" ähli musulmanlardyr. Janyňy alýan hiç kim ýok, onda-da musulmanlaryň muňa hiç hili dahyly ýok" diýip ýazýar.

Mur golaýda Trumpyň ýurda musulmanlaryň gelmeginiň gadagan edilmelidigi barasynda eden çykyşyny hem berk ýazgardy. Onuň ýazmagyna görä, geljek ýyl geçiriljek prezidentlik saýlawyna gatnaşjak saýlawçylaryň ýüzden 81 bölegi hut şonuň ýaly biriniň ýurda baştutanlyk etmegini islemeýän saýlawçylardyr.

Ol öz eli bilen ýazan protest şygaryny hem täzeden gaýtalap, "Biziň hemmämiz musulmandyrys!" diýýär.

"Biziň hemmämiz bir Allanyň bendeleridiris we adamzat maşgalasynyň bir agzasydyrys. Seniň aýtjak ýa-da etjek zadyň hiç haçan bu hakykaty üýtgedip bilmez. Eger sen hut şeýle amerikan kadasyna görä ýaşamak islemeýän bolsaň, al-asmandaky biriniň otagyndan özüňe ýer edin. Ol ýerde otur we näme diýýäniň barada çuňňur oýlan" diýip, meşhur kinorežissýor öz garaýşyny aýan edýär.

Maýkl Mur Trumpy amerikalylaryň ýakasyndan elini çekmäge we amerikan halkyna özlerine prezidentlige has mynasyp bir dalaşgäri saýlamaga mümkinçilik döretmäge çagyrýar.

"Şeýle bolgusyz, demagogik pikirler..."

Trumpuň edýän çykyşlary dünýä möçberinde gahar-gazaba duçar boldy we ol 16-njy dekabrda Respublikanlaryň prezidentlige dalaşgäri kesgitlejek ahyrky jemlenişiginde hem has köp "aýgytlaýjy hüjüme" uçrady.

Trumpyň musulmanlara garşy edýän çykyşlaryna ýewangelist liderler hem nägilelik bildirdiler. Günorta Baptist konwensiýasynda etika we din azatlygy bilen baglanyşykly komissiýanyň baştutany Russell Mur bu meselä başgaça baha bermek bilen, Trumpuň "şeýle bolgusyz, demagogik" pikirleriniň aslynda din azatlygyny basgylaýandygyna aýratyn ünsi çekýär. Mundan owalam Trumpy tankyt edýänleriň hatarynda bolan Mur, bir çykyşynda din azatlygynyň hemmelere degişlidigini, ýagny ýeke-täk hristianlara degişli däldigini nygtapdy. Muruň bu pikirini köp sanly ruhanylar hem goldapdy.

Ýüzden 33 bölek ses bilen birinjiligi eýeläpdir

Trump musulmanlaryň ABŞ-da jemgyýete goşulyşmagynyň gadagan edilmegini isleýär. Ol şol bir wagtyň özünde günortada bir diwaryň galdyrylmagyny we bikanyn migrantlaryň hem şol diwaryň aňyrsynda galmagyny isleýär.

"Biz haýsam bolsa bir adamy ýekirmek syýasaty barasynda söz açmaýarys. Biz diňe howpsuzlyk barasynda gürrüň edýäris" diýip, Trump öz aýdanlaryna düşündiriş berýär.

"Reuters / Ipsos" pikir soralyşygynyň netijesine görä, 7-nji dekabrda musulmanlar bilen baglanyşykly eden çagyryşlaryndan soň Trumpa Respublikan saýlawçylaryň arasynda goldaw berýänleriň sany artdy we bu san ýüzden 33 köpçülige barabar boldy. Trump häzir reýting taýdan birinji. Netijä görä, ýüzden 15 bölek ses alan Kruz ikinji ýere, ýüzden 12 bölek ses alan Ben Karson hem üçünji ýere eýe boldular.

XS
SM
MD
LG