Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistandan daşary ýurda pul ugradyp bolmaýar


Aşgabadyň walýuta alyş-çalyş nokatlarynda nobata duran ýaşaýjylar.
Aşgabadyň walýuta alyş-çalyş nokatlarynda nobata duran ýaşaýjylar.

Şu gün Aşgabatda Türkmenistandan daşary ýurda “Western Union” ýaly kompaniýalar arkaly pul ugratmak bes edildi. Resmiler Türkmenistandan daşary ýurtlara wagtlaýynça pul ugradyp bolmaýandygyny aýdyp, emma munuň sebäpleri barada takyk maglumat bermediler.

Bu çäklendirme Türkmenistanyň walýuta alyş-çalyş nokatlarynda ilata daşary ýurt walýutalarynyň, ýagny amerikan dollarynyň, ýewro pul birliginiň satylmagy bes edilen mahalyna gabat geldi.

Azatlyk Radiosy täze çäklendirme we onuň sebäpleri bilen gyzyklanyp, Aşgabatdaky habarçysy Soltan Açylowa bilen söhbetdeş boldy.

please wait

No media source currently available

0:00 0:03:48 0:00

XS
SM
MD
LG