Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýrana garşy sanksiýalaryň aýrylmagy goldandy


Gapma-garylykdaky kawkaz ýurtlary Ermenistan we Azerbaýjan Eýrana garşy ýadro meselesi bilen bagly sanksiýalaryň aýrylmagyny makullap çykyş etdiler.

Azerbaýjanyň Daşary işler ministrligi Eýranyň ýadro programmasy boýunça halkara ylalaşygynyň durmuşa geçirilmegi Bakuwyň we “Eýranyň dostlukly goňşy halky” bilen “özara bähbitli partnýorlygy” mundan beýläk ösdürmek üçin goşmaça itergi berer, diýip 18-nji ýanwarda belledi.

Ermenistanyň daşary işler ministri Eduard Nalbandian hem sanksiýalaryň ýatyrylmagyny goldady we “Ermenistanyň dostlukly Eýran bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýykgyn edýändigini” mälim etdi.

16-njy ýanwarda BMG-niň ýadro boýunça edarasy Eýranyň iýul aýynda gelnen ylalaşykda beren wadalaryny berjaý edendigini we BMG, ABŞ we Ýewropa Bileleşigi tarapyndan girizilen sanksiýalaryň ýatyrylýandygyny yglan etdi.

XS
SM
MD
LG