Polşanyň prezidenti Andrzej Duda NATO-ny Gündogar Ýewropada has köp sanly goşun ýerleşdirip, Polşany we regionyň beýleki ýurtlaryny has agressiw bolup barýan Orsýetden goramaga çagyrdy.
“Maksat NATO-nyň goşunlarynyň ýerleşdirilmegi we göze ilmegi” diýip Duda NATO-nyň Brusseldäki edarasynda 18-nji ýanwarda eden çykyşynda aýtdy.
Polşa NATO-nyň indiki ýylyň iýul aýynda boljak sammiti geçirer.
Duda Polşada ýerleşdirilmegini isleýän goşunlarynyň sanyny agzamady. Emma olaryň “NATO-nyň gündogar tarapyny goramaga ukyply bolmalydygyny” belledi.
NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenberg Polşadaky sammitiniň netijeleriniň kanagatlandyryjy boljakdygyny aýtdy.
“NATO-nyň Polşany öz içine alýan regionda goşunlary häzirem bar” diýip Stoltenberg aýtdy we “biz Warşawada boljak sammitden soň NATO-nyň Polşada öňküsinden has köp bolmagyna serederis” diýdi.