Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Welaýat ulaglary Aşgabada salynmaýar


Türkmenistanda polisiýa tarapyndan saklanylan sürüjiler.
Türkmenistanda polisiýa tarapyndan saklanylan sürüjiler.

Welaýat ulaglary bilen Aşgabada girmäge goýlan gadagançylyk henizem dowam edýär. Welaýat belgili ulaglar şähere girmezden ozal polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri tarapyndan saklanýar we ulag eýelerine garşy administratiw çäre görülýär.

Bu çäklendirme hemem Aşgabatda welaýat ulaglaryna edilýän gözegçilik diňe şäheriň giriş, çykyş nokatlary bilen çäklenmän, şäheriň içinde göze ilen welaýat belgili ulaglar hem saklanyp, ulag eýesine garşy çäre görülýär.

Aradan bir ýarym aý töweregi wagtyň geçendigine garamazdan, bu çäklendirmäniň sebäpleri barada halk köpçüligine resmi taýdan hiç hili maglumat berlenok. Hatda şeýle çäklendirmäniň girizilendigi hem resmi taýdan ykrar edilmeýär.

Şeýlelikde bu çäräniň sebäpleri barada dürli-dürli gürrüňler bar, şäherara gatnaýan taksiçileriň aýdýanlaryndan çen tutulsa, bu 2017-nji ýylda geçiriljek “Aziada” oýunlary bilen bagly Aşgabady hasam gözelleşdirmek üçin edilýän tagallalaryň çäginde görülýän çäreler.

“Kese göz bilen garamak”

“Bizi 2015-nji ýylyň dekabr aýynyň başlaryndan saklap başladylar, başda bu çäräni Aşgabada köp sany myhmanyň gelýändigi bilen düşündirdiler, ondan soň bu çäklendirme şol durkuna galdy” diýip, özüni Serdar diýip tanadan maryly taksiçi Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Agzalýan oýunlara taýýarlyk bilen baglylykda, Aşgabatda birgiden başga çärelerem görülýär. Bahasy ençeme milliard dollara barabar sport desgalarynyň gurluşygy, Çoganlydaky we “Gažadaky” müňlerçe daçanyň ýykylmagy hem şol çäreler bilen bagly diýlen maglumatlar bar. Jaýy ýykylanlara kompensasiýa tölenmeýär.

Welaýat ulaglarynyň Aşgabada salynmazlygy baradaky meselä gaýdyp gelsek, bu çäräni welaýatlarda ýaşaýan adamlara kese göz bilen garamak diýip kabul edýänler hem bar.

Mary welaýaty bilen Aşgabadyň arasynda ýolagçy gatnadýan we özüni Myrat diýip tanadan 41 ýaşlaryndaky beýleki bir taksiçi bu meselede şeýle soragy goýýar: “Men sürüji bolup welaýatlaryň arasynda gatnaýaryn, emma näbelli sebäplere görä, bize başgaça garaýarlar, näme indi Aşgabat daşary ýurduň paýtagty boldumy? Meni gaişnikler paýtagtyň girişinde haýsy kanuny esas bilen saklaýarlar?”

Çäklendirmeleriň täsiri

Taksiçiler, bu ýagdaýyň olaryň öňdenem çäkli girdeýjilerine ýaramaz täsir edýändigini aýdyp, şähere salynmansoň, welaýatdan gelen taksileriň köplenç yzyna boş gaýtmaly bolýandyklaryny aýdýarlar.

Diňe welaýat ulag eýelerine däl, bu çäklendirme welaýatlardan Aşgabada agyr hassa getirýän raýatlara has hem öz ýaramaz täsirini ýetirýär. Sebäbi olar hassany şäheriň çetinde welaýat ulagyndan düşürip, Aşgabadyň nomeri dakylan ulaga mündürmeli bolýarlar. “Aşgabadyň nomeri bolan maşynlar hem islän ýeriňde, islän wagtyňda tapylmaýar” diýip, Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan käbir taksiçiler aýdýarlar.

Bu düzgüniň raýatlar üçin döredýän kynçylyklaryna garamazdan onuň gelejekde nähili boljagy barada hiç hili maglumat ýok. Ýurduň jogapkär resmileri bolsa bu barada dil ýarmaýarlar, resmi metbugatda bu barada asla kelam agyz söz aýdylmaýar.

XS
SM
MD
LG