Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran Riýad dartgynlykdan çykmaly diýýär


Eýranyň daşary işler ministriniň orunbasary Eýranyň we Saud Arabystanynyň özara dartgynlylygy gowşatmak üçin elinden geleni etmelidigini aýtdy.

Regional bäsdeşleriň arasyndaky dartgynlylyk geçen aýda Riýadyň şaýy musulman ruhanysyny jezalandyrmagynyň yzýany eýranly protestçileriň Saud Arabystanynyň Tährandaky ilçihanasyna hüjüm etmeginiň yzýany hasam güýçlendi. Saud Arabystany Tähran bilen diplomatik gatnaşyklaryny kesdi.

“Biz bu regionyň has durnukly we howpsuz bolmagyna ýardam berip biljek islendik inisiatiwa seretmäge taýýar, şeýle-de biz regionda islendik hakyky howpa garşy göreşip bileris” diýip Eýranyň daşary işler ministriniň orunbasary Abbas Arakçi 25-nji ýanwarda žurnalistlere aýtdy.

Esasan sünni ilatly Saud Arabystany we şaýy Eýran bir-birini Ýakyn Gündogarda durnuksyzlygy öjükdirmekde aýyplaýarlar.

XS
SM
MD
LG