Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azerbaýjana karz bermek maslahatlaşylýar


 Baku protestleri
Baku protestleri

Halkara pul fondy we Bütindünýä banky Azerbaýjana nebit bahasynyň arzanlamagy sebäpli dörän kynçylyklaryndan çykmaga kömek bermegi maslahatlaşýar.

Halkara pul fondunyň topary 28-nji ýanwardan 4-nji fewrala çenli, azeri häkimiýetleriniň talaby esasynda, faktlary seljermek missiýasynda bolýar diýip, HPF-nyň sözçüsi aýtdy.

«The Financial Times» gazeti 28-nji ýanwarda HPF bilen Bütindünýä bankynyň Azerbaýjana gyssagly 4 milliard dollarlyk karz paketini bermeginiň mümkindigini ýazdy.

Emma HPF we Bütindünýä bankynyň resmileri bu habary ret etdi.

XS
SM
MD
LG