Owgan goşun komandiri Helmand welaýatynyň esasy etraby «Talybanyň» eline geçmegiň öň ýanynda dur diýýär.
Ady aýdylmadyk komandir BBC bilen söhbetdeşlikde Sangin etrabynyň köp böleginiň jeňçiler tarapyndan basylyp alnandygyny aýdypdyr.
Ol hökümet entek Sangin şäheriniň esasy ýerleriniň birnäçesini kontrolda saklaýar, emma ol ýerler abanyp duran howa astynda diýdi.
Komandir «Talybanyň» hökümet pozisiýalaryna gaýta-gaýta hüjüm edendigini we soňky günlerde bir topar esgeri öldürendigini hem sözüne goşdy.
Şeýle-de ol özlerine ençeme günläp goşmaça kömek gelmändigini, azygyň azalandygyny aýtdy.