Norwegiýanyň demirgazygyndaky Şwistbergen adasynda hemişe gar bilen örtülen kiçi bir sebit bar. Bu ýerde dünýäniň 11 ýurdundan gelen 30 çemesi alym ylmy-barlag işlerini geçirýär. Azatlyk Radiosynyň “CurrentTime” gullugy bu sebitden käbir suratlary taýýarlady.
Demirgazykda gar bilen örtülen sebit

1
Bu sebit Şwitsbergeniň demirgazygynda, ýagny Demirgazyk polýusynyň 1200 kilometr uzaklygynda ýerleşýär. Mundan ozal bu sebitde diňe aýylar we beýleki ýabany haýwanlar ýaşaýardy. Emma 100 ýyl ozal sebitde industrial desgalaryň peýda bolmagy netijesinde haýwanlar bu ýerden başga ýerlere göçüp başladylar.

2
Bu ýerde seýrek göze ilýän haýwanlar bilen bir hatarda Norwegiýanyň, Germaniýanyň, Fransiýanyň, Britaniýanyň, Hindistanyň, Günorta Koreýanyň we beýleki ýurtlaryň alymlary ýaşaýarlar we işleýärler.

3

4
Bir döwür bu ýerde kömür şahtalary işlerýärdi. Kömür wagonlarda deňiz portlaryna daşalýardy. Emma kömüriň bahasynyň pese gaçmagy netijesinde bu iş togtady.