Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistanda referendum geçiriler


Emomali Rahmon
Emomali Rahmon

Täjigistan 22-nji maýda Konstitusiýa Emomali Rahmona prezident dinastiýasyny döretmäge ygtyýar berýän düzedişleri girizmek barada referendum geçirýär.

Parlamentiň aşaky öýi 10-njy fewralda referendumyň geçirilmeli senesini sese goýdy. Mundan öň ýurduň Konstitusiýa sudy prezidentiň çäklendirilmezden saýlawa gatnaşmak hukugyny kanuny diýip hasaplapdy.

Mundanam başga, kanun çykaryjylaryň ýanwar aýynda kabul eden düzedişlerinde prezident bolmak üçin talap edilýän 35 ýaş azaldylyp, 30 ýaşa getirilipdi.

Bu ýagdaý Rahmonyň uly ogly Rustam Emomaliniň 2020-nji ýylda bellenen saýlawda, 33 ýaşynda bäsleşige gatnaşmagyna ýol açýar.

XS
SM
MD
LG