Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ: Eýranlylaryň wiza talaby gowşadylmaz


"Kongres Ak tamyň talap eden togtatmalaryny doly ret etdi" diýip, komitetiň başlygy Maýkl Makkol aýtdy.
"Kongres Ak tamyň talap eden togtatmalaryny doly ret etdi" diýip, komitetiň başlygy Maýkl Makkol aýtdy.

Obama adminstrasiýasynyň Eýrana syýahat edýän biznesmenlerden we žurnalistlerden edilýän täze berk wiza talaplaryny gowşatmak plany 10-njy fewralda Kongresde bolan diňlenişikde uly garşylyga uçrady.

Birleşen Ştatlaryň Wekiller öýüniň Içeri howpsuzlyk komitetinde bolan diňlenişikde kanun çykaryjylar, Eýranda biznes edýän käbir biznesmenleriň täze wiza gadaganlygyndan boşadyljak bolmagyna aýratyn alada bildirdiler.

Obama adminstrasiýasy, geçen ýylda baglaşylan ýadro ylalaşygyndan soň, Tährana garşy girizilen ykdysady sanksiýalaryň ýatyrylmagy bilen, bu meseläni biraz liberallaşdyrmaga çalyşdy.

"Kanunyň beýle ygtyýarlygy öz içine alýan ýeri ýok. Hakykatda, Kongres Ak tamyň talap eden togtatmalaryny doly ret etdi" diýip, komitetiň başlygy, respublikaçy Maýkl Makkol (Michael McCaul) aýtdy.

Ol adminstrasiýany geçen ýylyň ahyrynda geçirilen kanuny tas soňuna çenli ýoýmakda günäledi we Tähranyň düzgüne boýun bolmandygyny, ýadro şertnamasyny bozmakda aýyplanandygyny aýtdy.

Komitetiň baş demokraty Benni Tompson (Bennie Thompson) hem şübheli boldy. Ol özüniň Içeri howpsuzlyk departamentiniň biznes bilen bagly maksatlaryň kanunylygyny nähili kesgitläp biljekdigini sorag astyna alandygyny aýtdy.

Adminstrasiýa resmileri özleriniň gadaganlyk düzgünlerini duruzmakdaky maksadynyň žurnalistleri, ynsanperwerçilik işgärlerini, beýleki halkara guramalarynyň işgärlerini, şonuň bilen bir hatarda Eýranda we Yrakda ykdysady gaýtadan guruş tagallalaryna ýardam berýän biznesmenleri penalamakdan ybaratdygyny aýtdylar.

Olar Eýran biznesmenleri ýaly adamlaryň tutuş bir kategoriýasyna «ählumumy» çäklendirme togtadylmasynyň kepillendirilmejekdigini, gadaganlykdan boşatmagyň her bir anyk adamyň işi esasynda amala aşyryljakdygyny aýtdylar.
Kanunyň täze wiza talaplary Parižde bolan ganly terror hüjümleri bilen baglylykda döredi. Ol hüjümlerde «Yslam döwleti» toparynyň birnäçe hüjümçisi 130 adamy öldürdi we olaryň Birleşen Ştatlara wizasyz gelmegine ýol açýan ýewropa pasportlary bardy.

Täze düzgünlere görä, Ýewropanyň we beýleki günbatar ýurtlarynyň köpüsiniň raýatlary, ozal Birleşen Ştatlara 90 güne çenli wizasyz syýahat edip bilen bolsalar, indi, 2011-nji ýylyň 1-nji martyndan bäri Eýrana, Yraga, Sudana ýa Siriýa sapar eden bolsalar, wiza almaly bolarlar.

Bu dört ýurtda terrorçylaryň ösüp ýetişmegi üçin esaslar bar diýip hasaplanylýar. Wekiller öýüniň daşary gatnaşyklar komitetiniň başlygy Ed Roýc diňlenişikde çykyş edip, indi özüniň bu sanawa Liwiýany hem goşmak isleýändigini aýtdy.

Adminstrasiýa resmileriniň aýtmaklaryna görä, fiziki şahslar wiza talaplaryndan boşamak üçin barlagdan geçmeli.

Eger-de Birleşen Ştatlar täze çäklendirmeleriň käbirini gowşatmasa, daşary ýurt hökümetleriniň maglumat bölüşmegi azaltmagy ýa-da öz ýurtlaryna ýygjam syýahat edýän amerikanlara amatsyz täze wiza talaplaryny girizmegi mümkin diýip, Adminstrasiýa resmileri alada bildirýär.

Iňlisçeden türkmençä geçiren Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG