Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat: Baş kanunda 7 ýyllyk prezidentlik hödürlenýär


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanyň täze Konstitusiýasynyň 15-nji fewralda milli metbugatda çap bolan taslamasynda prezidentlik möhletini bäş ýyldan ýedi ýyla çenli uzaltmak göz öňünde tutulýar. Şeýle-de prezident wezipesine saýlanmagyň sany görkezilmeýär.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň taslamasyny makullamak we maslahat üçin köpçülige teklip etmek barada” permana 2-nji fewralda gol çekipdi.

Türkmenistanyň baş kanunynyň taslamasy 143 maddany öz içine alýar. 28 maddanyň täzedigini, ýene 80 madda üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilendigini türkmen mediasy habar berdi.

Türkmenistanyň Konstitusiýasyny düzmek işi prezidentiň karary bilen 2014-nji ýylda döredilen Konstitusion komissiýasy tarapyndan amala aşyryldy. Bu komissiýa prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň özi baştutanlyk edýär.

XS
SM
MD
LG