Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

DiCaprio ahyrynda "Oscar" baýragyny aldy


Leonardo DiCaprio.
Leonardo DiCaprio.

Leonardo DiCaprio "Oscar" baýragyna mynasyp görüldi. Aktýor bu baýraga häzire çenli bäş gezek dalaş edipdi.

28-nji fewralda Los-Anjeles şäherinde 88-nji Akademiýa baýraklaryny gowşurmak üçin dabara geçirildi.

Bostonda katolik ruhanylaryň edýän jynsy zorluklaryny paş eden žurnalistler hakda surata düşürilen "Spotlight" (Prožektor) atly kinofilm iň gowy film diýen ugur boýunça baýraga mynasyp boldy.

41 ýaşyndaky artist DiCaprio bolsa “The Revenant” (“Diri galan”) kinofilmindäki roluna görä "Oscar" baýragyny alypdyr. Kinofilmiň esasyny goýan Aleýandro Gonzalez Inarritu hem şol ýokary baýraga mynasyp boldy.

Iň gowy aktrisa diýen ugur boýunça Brie Larson "Room" (Otag) atly kinofilmdäki roluna görä birinji ýeri eýeläpdir.

Holokost barada surata düşürilen "Son of Saul" (”Saulyň ogly”) atly kinofilm bolsa, iň gowy daşary ýurt dilindäki filmi diýen baýragyna mynasyp bolupdyr.

Aktrisa Alicia Vikander “The Danish Girl” (“Daniýaly gyz”) kinofilmindäki roly bilen iň gowy ikinji rol baýragyny, Mark Rylance bolsa “Bridge of Spies” (“Içalylaryň köprüsi”) kinofilmindäki roly bilen iň gowy ikinji rol baýragyny alypdyr.

XS
SM
MD
LG