Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan: 7 magdançy öldi


Pakistan görnüşi
Pakistan görnüşi

Demirgazyk-günbatar Pakistanda 12-nji martda çöken kömür käninde azyndan 7 magdançy heläk boldy.

Ýene iki magdançy bolsa henizem tapylmaýar.

Owgan serhedindäki Orakzaý tire etrapynda ýerleşýän kömür käniniň çökmegine agyr ýagan ýagyş sebäp bolupdyr.

Etrabyň ýokary derejeli hökümet resmisi Zubaýr Han 26 magdançynynyň halas edilendigini, emma ýagyşyň halas ediş işlerine päsgel berýändigini aýtdy.

12-nji martda çap edilen harby beýanatda 100-den gowrak esgeriň hadysanyň bolan ýerine agyr tehnika, medisina goldawy bilen kömege barandygy aýdylýar.

2011-nji ýylyň martynda Bulujystandaky kömür käni partlanda azyndan 43 adam heläk bolupdy.

XS
SM
MD
LG