Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Protein bagyra zyýanly bolup bilýär


Adamyň bagyr organy, 3D görnüşi
Adamyň bagyr organy, 3D görnüşi

Amerikan alymlary ýokary derejede dykyzlykly protein adamynyň bedeni, ilkinji nobatda-da bagry üçin zyýanly diýen netijä geldiler.

Ýokary dykyzlykly protein peýdaly hasaplanyp, soňky döwürde sagdyn iýmitlenmek boýunça programmalarda köp agzalýar. Adatça, ol ýaşyl reňkli gök önümlerde, şol sanda awokadoda, ösümlik ýaglarynda we etde hem balykda bolýar.

HDL we SR-B1 geni

“Sience” (”Ylym”) žurnalynda cap bolan açyşa görä, alymlar bedendäki maddalaryň özleşdirilmegine jogapkär ýokary dykyzlykly lipoproteinleriň (HDL) adamlaryň ganyndaky derejesini barlap, käbir halatlarda peýdaly hasaplanýan proteiniň ters netije berýändigini anyklapdyrlar. 1700 adamynyň bedeninde gen derejesinde emele gelen üýtgeşiklikler, yzarlanyp görülse, peýdaly hasaplanýan proteinler olarda ýürek keseliniň döremegine sebäp bolupdyr.

Käbir maglumatlarda ýokary dykyzlykly proteinli iýmitleniş usulynyň berýän netijeleri aktiw çilimkeşligiň zyýany bilen hem deňeşdirilýär.

Pensilwaniýa uniwersitetinden genetik alym Daniel Rader we onuň kärdeşleri öz barlaglarynda ýokary dykyzlykly lipoproteiniň (HDL) möçberi däl-de, onuň damarlardan bagra geçmek ukyby has ähmiýetli diýen netijä geldiler.

Rader alym Monty Kriegeriň Kembrijiň Massaçusets uniwersitetinde 20 ýyl mundan ozal syçanlarda geçiren synaglarynyň netijelerinden ugur alyp, SCARB1 atly geniň bedende ýok edilmeginiň netijesinde holesteriniň aýlanmagyna zeper ýetendigini, munuň bolsa ýokary dykyzlykly lipoproteiniň bedende aşa ýokary derejede ýygnanmagyna we damarlaryň dykylmagyna getirendigini anyklapdyr.

Kadaly ýagdaýda ýokary dykyzlykly lipoproteinleriň (HDL) damarlardaky immun öýjüklerden holesteroly ýygnaýar we soň ony bagra alyp barýar hem bu hereket gaýtalanyp durýar. SR-B1 diýlip tanalýan SCARB1 gen bu prosesiň amala aşyrylmagyna ýardam berýär diýlip maglumatda bellenilýär.

Bagyr üçin howply

Alymlar bagyr üçin esasy howplaryň ýene biriniň alkogoldygyny aýdýarlar.

Şeýle-de adamynyň bagryna zyýan ýetirýän zatlaryň arasynda nädogry iýmitleniş, aşa berk dietalar, et önümlerinden doly ýüz öwürmeklik we stress agzalýar.

Bagryň sagdyn bolmagy üçin az-azdan ýöne ýygy iýmitlenmek peýdaly hasaplanýar.

Uzak wagtlap gymyldysyz oturmagyň hem bagyr üçin howpludygyny alymlar anykladylar.

“Livescience” neşiriniň ýazmagyna görä, günorta koreý alymlary bagyrda alkogola bagly bolmadyk ýag keseliniň döremek töwekgelçiligi günde 10 sagatdan artyk oturýan adamlarda günde bäş sagatdan azrak wagtyny oturyp geçirýänler bilen deňäniňde 9% artyk bolýar diýen netijä gelipdirler.

Barlaglarda kesel döremek töwekgelçiliginiň fiziki taýdan aktiw adamlarda gymyldy-hereketi az bolan adamlara garanda 20% pesdigi aýdylýar.

Bagyr adam bedeniniň deriden soň iň uly organy bolup, iňňän wajyp rol oýnaýar. Ol hatda, diňe 25% kadaly işlän ýagdaýynda-da öz göwrümini dikeltmäge ukyply bolýar.

XS
SM
MD
LG