Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýanyň Siriýadan çekilmeginiň arkasynda näme bar?


Siriýadaky rus harby uçarlary
Siriýadaky rus harby uçarlary

Wladimir Putin 14-nji martda, howadan bombalamak kampaniýasyna başlaly aradan 6 aý töweregi geçensoň ors harby güýçleriniň Siriýadan bölekleýin çykarylmagyny buýurmak bilen, öz ýurduny hem dünýäni aňk-taňk etdi. Azatlyk Radiosy bu göçümiň sebäplerini we onuň näme zatlary aňladýandygyny düşündirmäge synanyşýar.

Harby güýçleri çykarmak baradaky buýrugyň Siriýada bäş ýyl bäri dowam edýän urşy soňlamak boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň araçylygynda ýola goýlan täze gepleşikleriň ilkinji gününe gabat gelmeginden esasy maksadyň prezident Başar al-Assada gepleşik üçin wagtyň gelip ýetendigini mälim etmek bolmagy mümkin. Diýmek, Orsýet oňa kömege gelip, uruş tolkunyna gatyşan hem bolsa, harby çözgüt üçin Moskwadan goldaw ýok.

Öten aý Orsýetiň, Bireleşen Ştatlaryň we beýleki täsirli döwletleriň Siriýada duşmançylygy duruzmak barada özara ylalaşmagyndan sanlyja sagat öň Assadyň harby güýje daýanyp, tutuş Siriýany gaýtadan aljakdygyny aýtmagy Moskwany gaharlandyrana meňzeýär.

Esasy mesele Putin bilen Assadyň Siriýanyň geljegi boýunça planlara gezek gelende näderejede ýakyndan işleşýändigini bilmegiň kynlygynda. Assad harby güýçleriň yza çekilmegi Moskwa bilen Damaskyň arasyndaky "doly sazlaşygyň" miwesi diýse-de, harby aksiýa we diplomatiýa, şol sanda Ženewa geplşikleri hakda hem bilelikde düzülen plan köp däl ýa asla ýok diýerlik bolsa gerek.

Ýewropa diplomatlarynyň biri "Reuters" habar gullugyna Orsýetiň göçüminiň "Assada juda köp basyş etmek potensialy bar, wagt hem şoňa laýyk gelýär" diýdi. Ol soňra hem: "Men potensial diýýärin, sebäbi biz ozal gördük, Orsýetiň berýän wadalary soňra bolýan zatlara hemişe gabat gelip duranok" diýip, sözüniň üstüne goşdy.

Her niçik-de bolsa, Putin onuň häkimiýet başyndan aýrylmagy gepleşikler üçin öňünden bellenen şert bolup bilmez diýse-de, Assada bir duýduryş bermegi başarana meňzeýär. Kremliň sözçüsi Dmitriý Peskow Putin bu karardan habarly etmek üçin Assad bilen telefon arkaly gürleşende Siriýanyň prezidentiniň geljegi hakda pikir alşylmandygyny nygtady.

Putin Siriýadaky "harby kontingentiň esasy böleginiň" çykarylmagyna başlanmagyndan daşgary Orsýetiň urşuň soňlanmagy üçin edýän diplomatik tagallalarynyň hem ýygjamlaşdyrylmagyny buýurdy. Putiniň günbatar döwletlerinde Ženewadaky parahatçylyk gepleşikleriniň ilerlemegi üçin Orsýet elinden gelenini edýär diýen täsiri galdyrmak isleýän bolmagy ähtimal.

Peskow 15-nji martda: "Bu gün edilmeli esasy iş parahatçylygyň ornadylmagyna hemmetaraplaýyn kömek bermek" diýdi.

Onuň bu aýdýanyna Birleşen Ştatlar bilen Ýewropa ynanarmy ýa ynanmaz, bu başga mesele. Ýöne günbatarlylaryň aglaba köplügi bu barada pikir aýtmakdan saklanar. Munuň sebäbi hem Orsýetiň geçmişde diňe Siriýada däl, eýsem Ukrainada-da gepleşiklerden wagt utmak üçin peýdalanyp, harby "faktlary" öz bähbidine ýütgedenligi.

Putiniň Siriýadan harby güýçleriň çykaryljakdygyny aýtmagy Birleşen Ştatlara garaşylmadyk zat bolup gelen hem bolsa, Kremliň munuň Assadyň ykbaly bilen baglanyşykly ýeri ýok diýmegi Waşingtonyň ünsünden düşmedige meňzeýär. Bu habardan soňra Ak tam Putin bilen aradaky telefon gepleşiginden soň Obama "Siriýadaky zorlukly hereketleriň soňuna çykmak üçin syýasy geçişiň gerekdini nygtady" diýdi.

Uran howa zarbalary bilen Orsýetiň parahat ilatdan 1700 töweregi adamyň başyna ýetenligi çaklanýar.

Orsýetde geçirilen uly dabara, şagalaň bolmady, ýöne Putiniň telewideniýede "Goranmak ministrliginiň we Orsýetiň harby güýçleriniň öňünde goýlan tabşyryk, tutuşlygyna alanyňda, ýerine ýetirildi" diýen beýanaty Amerikanyň öňki prezidenti Jorj Buşuň Yrakdaky "missiýa ýerine ýetirildi" diýen sözleri ýaly bolup ýaňlandy.

Günbatar liderlerleri Orsýetiň bombalarynyň az sanlysy "Yslam döwleti" atly toparyň jeňçilerine gönükdirildi diýip nygtasalar, Putin Orsýet Siriýanyň güýçlerine "halkara terrrorizmine garşy göreşde düýpli öwrülişik gazanmagyna" kömek etdi diýip öwündi.

Ýöne muňa hemmeler ynanyp baranok. Mysal üçin, žurnalist Arkadiý Babçenko "Eho Moskwy" radiosynyň websaýtyndaky blogda Putin köp soraglary jogapsyz goýdy: "Biz näme maksada ýetdik, näçe adamy öldürdik, kimleri öldürdik, näçe adamy ýitirdik, näme üçin ol ýere girdik, näme üçin indi çykýarys?" diýip ýazdy.

Dogry, Orsýetiň ykdysady kynçylyklarynyň köpüsi onuň esasy eksport harydy bolan nebitiň bahasynyň aşaklamagyndan gözbaş alýar. Ýöne Birleşen Ştatlaryň, Ýewropa Bileleşiginiň we beýleki döwletleriň Orsýetiň Ukrainanyň içerki işlerini garyşmagyna jogap edip girizen sanksiýalary-da täsirsiz däl.

Putiniň harby güýçleriň bölekleýin Siriýadan çekilmegi Orsýeti problemanyň däl-de, çözgüdiň bir bölegi edip görekezer diýip umyt edýän bolmagy mümkin.

Metbugatda harby güýji "çykarmak" diýip ýazyldy, ýöne Orsýet harby güýji doly çykarmagy planlaşdyranok.

Putin şeýle hem güýçleriň deňiz porty Tartusda galdyryljakdygyny aýtdy. Orsýetiň bu ýerde uruşdan has irki döwürlerden bäri harby-deňiz bazasy, şeýle hem Latakiýa welaýatyndaky Hmeýmimde harby howa bazasy bar. Ýokary derejeli bir kanun çykaryjynyň 15-nji martda aýtmagyna görä, Orsýet bu bazalarda müň töwerigi harby işgärini saklar.

Ženewa gepleşiklerinde Assadyň ykbaly, Siriýanyň toprak bütewüliginiň geljegi barada näme netijelere gelinjekdigini öňünden aýtmak kyn. Onsoň harby bazalaryň Orsýete ýurduň möhüm böleginde geljekde-de harby güýçlerini saklamaga mümkinçilik bermegi ähtimal.

XS
SM
MD
LG