Siriýa: Bäş ýyl dowam edýän urşuň netijeleri

Siriýada bäş ýyl ozal başlanan graždançylyk urşuň netijesinde ýurduň aglaba bölegi harabaçylyga öwrüldi. Birleşen Milletler Guramasynyň Tälim beriş we Derňew Institutynyň (UNITAR) çap eden satellit suratlary bu weýrançylygyň derejesini görkezýär.
Ozal

Häzir

1
1. Köne şäher, Aleppo
2010-2014
Siriýanyň iň uly Aleppo şäheriniň taryhy Köne şäher böleginiň aglabasy, şol sanda Beýik Umaýýad metjidi weýran boldy.

2
2. Almuallk köprüsi, Dir Ez-Zor
2013-2014
Ýewfrat derýasynyň üstünden geçýän 1920-nji ýyllarda gurulan bu köpri çaknyşyklaryň netijesinde weýran boldy.

3
3. Al-Arbaeen, Hama
2010-2012
Siriýanyň günbataryndaky Hama şäherinde hökümet güýçleri bilen jeňçileriň arasynda uly çaknyşyklar boldy. Weýrançylygyň derejesi has köp Al-Arbaeen etrabynda göze ilýär.

4
4. Uwais Al-Karni metjidi, Rakka
2011-2014
Metjid “Yslam döwleti” jeňçileri tarapyndan 2014-nji ýylda ýumruldy.