Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatdan anyk iş soralýar


Brýussel, Ýewropa parlamentiniň binasy.
Brýussel, Ýewropa parlamentiniň binasy.

Adam hukuklaryny goraýan Türkmen inisiatiwasy guramasy 16-njy martda Ýewropa parlamentinde Annette Bohriň (Chatham House) taýýarlan “Türkmenistan: häkimiýet, syýasat we nebit awtoritarizmi” atly hasabaty boýunça diňlenişigiň we diskussiýanyň bolandygyny habar berdi.

Bu diňlenişikde hasabatyň awtoryndan başga adam hukuklaryny goraýjy guramalaryň ekspertleri we wekilleri Iwar Dale (Norweg Helsinki komiteti), Farid Tuhbatullin (Adam hukuklary baradaky Türkmen inisiatiwasy) dagy hem çykyş etdi. Azatlyk radiosy bu maslahat barada gürrüň bermegini sorap, Farid Tuhbatulline telefon etdi.

Azatlyk Radiosy: Farid, siziň websaýtyňyzda Ýewropa parlamentinde Çatham Hausyň, Britaniýanyň halkara meseleleri baradaky patyşalyk institutynyň eksperti Annet Bohryň Türkmenistan barada çap eden hasabaty boýunça diňlenişik bolandygy aýdylýar. Ozaly bu diňlenişik hakynda gysgaça maglumat berip bilmezmisiňiz.

Farid Tuhbatullin: Dogrudanam, düýn Brýusselde, Ýewropa parlamentiniň binasynda siziň agzan hasabatyňyz boýunça diňlenişik boldy. Bu çäre Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň wagtlaýyn söwda ylalaşygyny baglaşmagy baradaky meseläniň çäginde geçirilýär. Biz, hukuk goraýjylar, bu ylalaşyk baglaşylanda Türkmenistanda adam hukuklarynyň juda ýaramaz ýagdaýyna üns berilmegini isleýäris.

Biziň pikirimizçe, eger Ýewropa Bileleşigi Türkmenistan bilen şeýle ylalaşyga gol çekmekçi bolsa, Aşgabat bilen öňünden gürleşmeli. Ýagny türkmen häkimiýetlerinden adam hukuklary babatdaky elementar normalaryň berjaý edilmegini talap etmeli.

Onsoň, Türkmenistan baradaky hasabatyň diňlenişigine biziňkiden başga-da hukuk goraýjy guramalar gatnaşdylar. Netijede, adam hukuklarynyň anyk bozulýan halatlaryndan başlap, Türkmenistanyň içindäki çynlakaý korrupsiýa meseleleri barada hem gürrüň edildi. Umuman, örän giň taraply diskussiýa boldy.

Azatlyk Radiosy: Brýussel diňlenişiginde çykyş edenler Türkmenistanda adam hukuklary meselesinde özgeriş bolmagy üçin näme etmeli diýýärler?

Farid Tuhbatullin: Birinjiden, bu meseläniň maslahaty has öňräkden bäri edilýär. Türkmenistan öňki Sowet Soýuzynyň giňişliginde Ýewropa Bileleşiginiň entek wagtlaýyn söwda şertnamasyny baglaşmadyk ýeke-täk ýurdy. Özbegistan bilen şeýle şertnama baglaşylanda, öňünden nähilidir bir şert goýulmady. Ýagny biz şertnama baglaşaly, soň özbek häkimiýetleri ýagdaýy üýtgedip başlar diýdiler. Ondan bäri köp wagt geçdi, olar indi şonda ýalňyş iş edendiklerine düşünýärler. Sebäbi özbek häkimiýetleri olaryň talaplaryna hiç bir baş galdyrmaýar.

Şu gaýgyly tejribe sebäpli Ýewroparlamentiň bir topar deputaty Türkmenistandan ilki adam hukuklary ýagdaýynyň hakykatda üýtgejegine anyk kepillik almaly, soň şertnama baglaşmaly diýýär. Hususan-da olar Türkmenistan BMG-niň dürli komitetlerinden dokladçylary çagyrmaly diýýärler. Ýagny millik azlyklar, din azatlygy, çagalaryň, aýallaryň hukuklary boýunça ýörite dokladçylar bar.

Türkmenistan hakykatda bu hili hasabat taýýarlaýanlaryň hiç birini ýurda goýbermedi. Teklipleriň biri şeýle hasabatçylaryň ýurda baryp, ýagdaýy gözi bilen görmegi hem-de hasabat taýýarlamagy barada boldy. Emma Türkmenistan, gynansak-da, ozalkylary ýaly, bu talaplary kabul etmek islemeýär.

Azatlyk Radiosy: Farid, bu duşuşykda garaşsyz žurnalistleriň Türkmenistandaky ýagdaýy barada gürrüň edildimi? Mälim bolşy ýaly, žuranlist Saparmämmet Nepesgulyýew indi ençeme aý bäri türmede otyr.

Farid Tuhbatullin: Hakykatdanam biz aýratyn işleri, hususan-da siziň agzan žurnalistiňiziň we Türkmenistandaky beýleki syýasy tussaglaryň ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdyk. Iwar Dale, Norwegiýanyň Helsinki komitetiniň eksperti Türkmenistandaky syýasy tussaglar barada çykyş etdi. Men bolsam öz çykyşymda 2014-nji ýylyň maýynda jemgyýetçilik guramalary hakynda, 2013-nji ýylyň ýanwarynda köpçülikleýin habar serişdeleri hakynda täze kanunlaryň kabul edilendigi barada gürrüň etdim.

Bu kanunlaryň işläp başlamagy üçin ýeterlik wagt geçdi, emma Türkmenistanda ne täze jemgyýetçilik guramalary, ne-de garaşsyz metbugat peýda boldy. Ýagny bu kanunlar diňe daşary ýurt diplomatlaryna görkezmek üçin, biz täze kanunlary kabul etdik diýmek üçin kabul edilýär. Emma Türkmenistanda soňky 25 ýylda örän kän kanun kabul edildi, olar umuman erbedem däl, ýöne hakykat ýüzünde işlemeýär. Kanunlar işlese, aktiwistler we žurnalistler erkin öz işini edip bilmeli, garaşsyz metbugat, hukuk goraýjy toparlar döremeli.

Mysal üçin, Türkmenistanda gorkman, öz ady bilen açyk işleýän žurnalist Natalýa Şabuntsyň ady agzaldy, ol eýýäm Ýewroparlamentiň, ÝB-niň agzalary bilen duşuşdy. Olar şeýle aktiwistleri goldamak, türkmen häkimiýetlerinden žurnalistleriň, graždan aktiwistleriniň öz işlerini arkaýyn edip bilmegine şert döredilmegini talap etmek isleýärler.

XS
SM
MD
LG