Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kärizow: 'Owadandepe' türmesindäki bäş aý


Geldi Kärizow, tussaglykda
Geldi Kärizow, tussaglykda

“Memorial” guramasynyň “Owadandepe” gizlin türmesindäki bäş aý” ady bilen 22-nji ýanwarda ýaýradan maglumatynda postsowet giňişliginde gowy tanalýan, abraýly atşynas Geldi Kärizowyň “Owadandepe” türmesi baradaky ýatlamalary köpçülige ýetirildi. Ýaňy-ýakynda, has takygy 18-nji ýanwarda belli türkmen atşynasy Geldi Kärizow 65 ýaşady.

Tanymal atşynas Geldi Kärizow, Türkmenistanyň iň ýapyk “Owadandepe” türmesinde tussaglykda saklanyp, soňra ýurduň daşyna çykmak miýesser eden az sanly adamlaryň biridir.

1990-njy ýyllarda ”Ahalteke atçylygynyň halkara bileleşigini” döreden we 1997-2002-nji ýyllarda “Türkmen atlary” döwlet bileleşigine ýolbaşçy bolan Geldi Kärizow 2002-nji ýylda tussag edilip, bäş ýyldan gowrak döwri Türkmenistanyň türmelerinde, şol sanda gizlin “Owadandepe” türmesinde geçirdi.

”Owadandepe” türmesiniň ozalky bendisiniň öz gözleri bilen görenleri barada gürrüň berenleri iňňän wajyp. 2003-nji ýyldan başlap bu ýere eltilen tussaglaryň uly böleginiň ykbaly kanun tarapyndan däl-de, ýurduň ýolbaşçylarynyň gizlin görkezmeleriniň esasynda kesgitlenýär” diýlip, “Memorial” guramasynyň maglumatynda bellenilýär.

Şeýle-de bu maglumatyň türkmen türmelerinde dereksiz ýitenleriň ykbaly barada hasabat bermegi talap edýän “Olary diri görkeziň!” atly halkara kampaniýasynyň alyp barýan derňewleriniň çäginde taýýarlanandygy habar berilýär.

Türmedeşler

“Kärizowyň saklanan kamerasynda iki gatdan ybarat we aýaklary ýere berkidilen ýedi sany demir krowat bardy. Kärizowdan başga-da bu ýerde öňki ýokary wezipeli ýolbaşçylardan iki adam - Daşoguz welaýatynyň öňki häkimi Kakamyrat Annagylyjow we ýag zawodynyň öňki ýolbaşçysy saklanýardy” diýilýär. Maglumatda habar berlişine görä, şeýle-de bu kamerada Lebap welaýatynyň öňki häkimi we “Il ýaşulusy”, “Türkmenistanyň gahrymany” Gedaý Ähmedow hem saklanýardy. 2006-njy ýylyň fewral aýynda ykdysady jenaýatçylyklarda aýyplanyp 17 ýyl türmä basylan 66 ýaşly Gedaý Ähmedowyň şol ýylyň iýul aýynda aradan çykandygyny adam hukuklaryny goraýjylar ozal habar beripdiler.

“Onuň jesedi Lebap welaýatyna awtoulagyň ýük bölüminde eltilip, garyndaşlaryna tabşyrylypdy we ol gizlin ýagdaýda jaýlanypdy. Maglumatda soňra ”Owadandepe” türmesindäki şol “boşan ýere” Kärizowyň getirilendigi”, aýdylýar. Bu maglumatlardan Gedaý Ahmedowyň türmedäki ölümine degişli käbir jikme-jiklikler ýüze çykýar. Kärizowyň ýatlamalaryndan Gedaý Ahmedowyň ölmezinden öň iki aýlap ýerinden turup bilmän ýatandygy, ölensoň hem onuň jesediniň iki günläp kamerada çüýräp ýatandygy belli bolýar.

“Memorial” guramasynyň Geldi Kärizowyň ýatlamalarynyň esasynda çap eden maglumatynda Azatlyk Radiosynyň türmede wepat bolan žurnalisti Ogulsapar Myradowa bilen bilelikde 2006-njy ýylda tussag edilen aktiwistler Sapar Hajyýewiň we Aman Hajyýewiň ykbaly barada we öň ýokary wezipelerde işlän başga-da birnäçe adamyň ykbaly barada käbir maglumatlar getirilýär.

Maglumata görä, Türkmenistanyň milli gerbinde ýerleşdirilen we öňki prezident Nyýazowyň atydygy aýdylýan Ýanardag hem Türkmenistanyň milli simwolyna öwrülen Ahalteke atlarynyň tohumyny dikeltmek we köpeltmek ugrunda uly işleri bitiren Geldi Kärizowyň hususy athanasynda ýetişdirilipdir.

XS
SM
MD
LG