Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrak partlamasynda onlarça adam öldi


Yrakly we saudly futbolçylar
Yrakly we saudly futbolçylar

Janyndan geçen bombaçynyň Yragyň futbol meýdançasynda partladan bombasy azyndan 30 adamy öldürdi diýip, resmiler 26-njy martda aýtdylar.

AP habar gullugy Yragyň howpsuzlyk gullugynyň resmilerine salgylanyp, ölenleriň sanynyň 41, ýaraly bolanlaryň bolsa 105 adamdygyny habar berdi.

25-nji martda, Bagdadyň 50 kilometrligindäki Iskanderiýa şäherinde bolan partlamanyň jogapkärçiligini «Yslam döwleti» ekstremist topary öz üstüne aldy. Bombaçy öz partlaýjyly guşagyny resmiler ýerli ýaryşdan soň oýunçylara baýraklaryny gowşurýan wagtynda ýardy.

ABŞ-nyň Döwlet departamenti we BMG-niň Yrakdaky ýörite wekili bu hüjümi ýazgaryp çykyş etdi.

Ýerli resmiler öldürilenleriň 17-siniň 10 we 16 ýaş aralygyndaky oglanlardygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG