Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Berdimuhamedow harby taýýarlygy barlaýar


Berdimuhamedow harby taýýarlygy barlaýar
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:55 0:00

Berdimuhamedow harby taýýarlygy barlaýar

Türkmenistanyň prezidenti 26-njy martda, gijäniň ýarynda «garaşylmadyk ýerden» ýurt goşunynyň söweş taýýarlygyny barlamagy buýurdy.

Türkmen telewideniýesiniň maglumatyna görä, Türkmenistanyň prezidenti, ýurduň Ýaragly güýçleriniň belent serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow gije ýarymdan agan wagtlary Türkmenistanyň goranmak ministri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ýaýlym Berdiýew bilen wideoşekilli göni aragatnaşyga çykdy.

Prezident ýurduň ýaragly güýçleriniň şahsy düzüminiň harby-hünär ussatlyklaryny hasam ýokarlandyrmak, milli goşunyň söweşjeň taýýarlygyny gözden geçirmek maksady bilen, goranmak ministrine degişli tabşyryklary berdi diýip, habarda bellenilýär.

Ýurduň harby ýolbaşçylarynyň öňünde görkezme-söweş atyşykly taktiki tälim beriş türgenleşigini geçirmek wezipesi goýuldy.

Döwlet baştutanynyň tabşyrygyna laýyklykda, ýurduň ýaragly güýçleriniň we beýleki goşunlarynyň harby bölümleri söweşjeň taýýarlyk ýagdaýyna getirilip, tälim beriş türgenleşigine badalga berlendigi habar berilýär.

Teswirleri gör (6)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG