Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Al Jazeera” 500 iş ornuny çäklendirýär


"Al Jazeeranyň" amerikadaky edarasy, Nýu Ýork
"Al Jazeeranyň" amerikadaky edarasy, Nýu Ýork

“Al Jazeera" media agentligi 500 iş ornuny çäklendirýändigini yglan etdi. Katarda ýerleşýän “Al Jazeera” iş orunlarynyň çäklendirilmeginiň tutuş dünýädäki işgärlerine täsir ýetirjekdigini, emma Dohadaky esasy edarasyna esasy agramyň düşjekdigini aýtdy.

“Al Jazeeranyň” beýannamasynda kararyň sebäbi “media giňişligindäki özgerişliklere” jogap bermek üçin “iş güýjüniň netijeliligi ugrundaky inisiatiwa” hökmünde häsiýetlendirildi.

Kataryň hökümeti tarapyndan 1996-njy ýylda döredilen “Al Jazeeranyň” tutuş dünýäde 70-den gowrak býurosy bar.

Käbir synçylar “Al Jazeeranyň” iş orunlaryny azaltmak kararyny dünýäde nebitiň bahasynyň peselmegi bilen baglanyşdyrýarlar. Katar nebit baýlygynyň eksportyna garaşly bolýar.

XS
SM
MD
LG