Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe: Neşe söwdasynda aýyplanyp, 21 türkmenistanly tutuldy


Neşe serişdeleri
Neşe serişdeleri

Stambulda neşe söwdagärlerine garşy geçirilen ýörite operasiýanyň dowamynda Türkmenistanyň raýatlary hem tussag edildi diýip, türk habar serişdelerinde maglumat peýda boldy.

Türkiýäniň neşä garşy polisiýasynyň şäheriň Zeýtinburnu, Awjilar, Baýrampaşa, Esenýurt, Büýükçekmeje, Fatih we Ataşehir sebitlerinde geçiren operasiýalarynda neşe satmakda şübhelenip 33 adam, şol sanda 21 sany türkmenistanly tussag edilipdir.

Operasiýanyň dowamynda 3 kg geroiniň, 1,5 kg marihuananyň, 149 gr metamfetaminiň we 300 gr ekstaziniň hem ele salnandygy mälim edilýär.

Berilýän maglumatlardan mälim bolşuna görä, tussag edilenler bikanun neşe maddalaryny, esasan, köçelerde satypdyrlar.

Neşe söwdasynda aýyplanyp tussag edilen türkmenistanlylaryň şahsyýetleri we olaryň geljekki ykballary barada hiç hili maglumat berilmeýär.

Türkmenistanyň Stambuldaky konsulhanasyndan hem ýokarky mesele dogrusynda haýsydyr bir kommentariý almak başartmady.

Ýeri gelende aýtsak, Türkiýede köp sanly türkmenistanlylar, şol sanda bikanun migrantlar hem ýaşaýarlar we işleýärler.

XS
SM
MD
LG