Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Nyrhlar köplenç dollarda kesilýär"


Mary, gadagnçylyk başyndaky dollar nobaty
Mary, gadagnçylyk başyndaky dollar nobaty

Türkmenistanda adamlaryň arasynda edilýän iriräk söwda işleriniň, şahsy biznes gatnaşyklarynyň, umuman, iş ýüzünde amerikan dollarynda amala aşyrylýandygy, manatda bolsa resmileşdirilýändigi aýdylýar.

Ýurt içinden berilýän maglumatlara görä, manadyň hümmetiniň saklanjagyna bolan ynamsyzlyk adamlary şunuň ýaly ätiýaçylylyk çärelerini görmäge ýa-da satjak zatlaryny saklamaga mejbur edýär.

Emma soňky aýlarda, dollaryň resmi söwdasynyň çäklendirilmegi bilen, dollar söwdasy «gara bazara», gizlin edilmeli işe öwrüldi.

Eýsem bu ýagdaý adamlaryň arasyndaky biznes, söwda gatnaşyklaryna nähili täsir ýetirdi.

Azatlyk radiosy bu soragy aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýewe berdi. Bu söhbeti diňläp, öz tejribeleriňizi paýlaşmaga çagyrýarys.

please wait

No media source currently available

0:00 0:04:32 0:00

XS
SM
MD
LG