Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaý iki gazak tussagyny Gazagystana tabşyrdy


Gazagystanyň Baş prokuraturasynyň edarasy, Astana
Gazagystanyň Baş prokuraturasynyň edarasy, Astana

Pekin Hytaýda neşe gaçakçylygy bilen baglylykda iş kesilen iki gazak zenanyny Gazagystana tabşyrdy.

Gazagystanyň Baş prokurorynyň 1-nji aprelde habar bermegine görä, gazak zenanlary türme möhletlerini Gazagystanda geçirerler.

Tussaglaryň şahsyýetleri we olara çykarylan höküm barada maglumat berilmedi.

Gazak resmileri 2015-nji ýylyň awgust aýyndan bäri Hytaýda dürli jenaýatçylyklar bilen baglylykda iş kesilen ýedi gazak raýatynyň türme möhletlerini öz ýurdunda geçirmek üçin Gazagystana berilendigini aýtdylar.

Gazagystanyň we Hytaýyň arasynda tussaglykdaky raýatlary çalyşmak baradaky ylalaşyk 2011-nji ýylda baglaşylypdy we 2013-nji ýylyň noýabr aýynda Gazagystan, 2015-nji ýylyň iýul aýynda Hytaý tarapyndan tassyklanypdy.

XS
SM
MD
LG