Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azerbaýjan ok atyşygyň bes edilmegini yglan etdi


Ermeni esgeri azeri goşunlaryna tarap top okuny atýar, Daglyk-Garabag, 3-nji aprel, April 3, 2016
Ermeni esgeri azeri goşunlaryna tarap top okuny atýar, Daglyk-Garabag, 3-nji aprel, April 3, 2016

Dawaly Daglyk-Garabag regionynda Azerbaýjanyň we Ermenistanyň güýçleriniň arasynda iki gün bäri agyr söweşler barýarka separatistler jogaply hüjüme girişip, strategiki taýdan ähmiýetli giňişlikleri eýeländiklerini aýtdylar.

Şol bir wagtyň özünde-de Azerbaýjan öz giňişliginde ýerleşýän, emma bölünen daglyk enklawynda ok atyşygy bir taraplaýyn bes edýändigini yglan etdi.

Soňky günlerde Daglyk Garabag 1994-nji ýylda dörän we regionyň ermeni separatistleriň gözegçiligine geçmegi bilen tamamlanan etnikara konfliktden soňky döwürde iň güýçli zorlugy başdan geçirdi.

Azerbaýjanyň goşunynyň tanklar we agyr top oklary bilen hüjüme girişmeginiň netijesinde azyndan 18 ermeni esgeriň öldürilendigini resmiler habar berdiler.
Azerbaýjan 12 esgeriň wepat bolandygyny habar berdi.

Azerbaýjanyň prezidenti Ilham Aliýew telewideniýe arkaly eden çykyşynda goşuny “uly ýeňiş” gazandy diýdi we Azerbaýjanyň yglan eden ok atyşygy bes etmek baradaky kararynyň berjaý edilişine syn etjekdigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG