Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan: resmi döwlet işgärleriniň etikasy


Türkmen resmileri
Türkmen resmileri

Türkmenistanda döwlet gullukçylarynyň etikasyny we özüni alyp barşyny kadalaşdyrýan ýörite kanun kabul edildi.

”Döwlet gullukçysynyň etikasy we gullukda özüni alyp barşy hakyndaky” Türkmenistanyň kanuny türkmen resmileriniň egin-eşiginden başlap, olaryň jemgyýetçiligiň öňündäki iýip-içmek kadalaryna çenli hemme zady düzgünleşdirýär.

Türkmen prezidentiniň 26-njy martda gol goýan bu Kanunynyň 13-nji maddasynda türkmen resmileriniň egin-eşik talaplary beýan edilýär. Oňa laýyklykda, mundan beýläk “Wezipe borçlaryny ýerine ýetirende, döwlet gullukçysynyň daşky görnüşi raýatlaryň döwlet edaralaryna bolan hormatyna ýardam etmeli. [Gullukçylar] resmilik, sabyrlylyk we däbe eýermek bilen tapawutlanýan umumy kabul edilen iş sypatyna laýyk geýnip gezmeli.”

Türkmen metbugatynda 31-nji martda çap bolan bu kanun türkmen resmileriniň raýatlar bilen gulluk maslahatlary ýa-da gaýry gulluk aragatnaşykda wagtynda iýip-içmekden ýa-da gaýry şoňa meňzeş hereketlerden ... saklanmalydygy hem aýratyn nygtalyp geçilýär.

Kanunda “Döwlet gullukçysynyň borçlary” beýan edilýän 6-njy maddasynda türkmen resmileriniň, şol sanda köpçülikleýin habar serişdelerinde, öz pikirini beýan etmek ýa-da maglumatlary bermek ýaly hukuklary çäklendirilýär.

Ýagny, döwlet gullukçysy:

- Jemagat öňündäki çykyşlarynda we gulluk maglumatlaryny bermekde döwlet edarasynda bellenen düzgünleri berjaý etmäge;

- Jemagat öňünde çykyşlarda, şol sanda köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde harytlaryň, işleriň we hyzmatlaryň Türkmenistanyň çägindäki gymmatyny, ähli derejedäki býujetleriň görkezijilerini, döwlet karzlarynyň, döwlet bergileriniň möçberlerini beýan etmekden saklanmaga borçludyr. Kanunda muňa Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlar girmeýändigi bellense-de, olaryň anyk mazmuny aýan edilmeýär.

Şeýle-de 6-njy maddada “Döwlet gullukçylarynyň döwlet syýasatynyň we gulluk işiniň meseleleri boýunça öz pikirlerini jemagat öňünde beýan etmeli däldikleri” hem bellenip geçilýär.

Gürrüňi gidýän täze Kanunda gullukçylaryň wezipelerinden hyýanatçylykly peýdalanmaly däldikleri we resmileriň korrupsiýa ýagdaýlary boýunça habar bermäge borçludyklary hem aýdylýar.

”Döwlet gullukçysynyň etikasy we gullukda özüni alyp barşy hakyndaky” Türkmenistanyň kanuny metbugatda çap edilen pursady öz güýjüne girdi.

XS
SM
MD
LG