Täjik kanun çykaryjylarynyň topary uzak wagt bäri döwlet başyndaky Emomali Rahmonyň prezidentligini dabaralamak üçin täze resmi baýramçylygy esaslandyrmak baradaky kanunyň taslamasyny hödürlediler.
Kanunyň taslamasyna görä, milli baýramçylyk prezidentiň güni ýa-da milletiň lideriniň güni diýlip atlandyrylar.
Teklip edilen baýramçylygyň senesi mälim edilmedi.
Dekabr aýynda kabul edilen kanun 1992-nji ýyldan bäri Täjigistany dolandyrýan 63 ýaşly Rahmona “milletiň lideri” adyň berilmegini ykrar etdi we onuň özüniň hem maşgala agzalarynyň el degrilmezlik statusyna kepil geçdi.
22-nji maýda Täjigistan Rahmonyň häkimiýet başynda çäksiz wagtlyk galmagyna rugsat bermek üçin konstitusiýa goşmaçalary girizmek barada referendum geçirer.