Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin inflýasiýanyň täsirine 'düşünýär'


Putin Erdoganymy ýa Petroşenkony halas eder?
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:57 0:00

Putin Erdoganymy ýa Petroşenkony halas eder?

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň telewideniýe arkaly guraýan ýyllyk sorag-jogap sessiýasynyň başky böleginde ykdysady meseler, soňra Orsýetiň Türkiýe, Ukraina we Siriýa ýaly ýurtlar bilen daşarky gatnaşyklary baradaky soraglar agdyklyk etdi.

Putine berlen ilkinji soraglaryň biri azyk önümleriniň we beýleki zerurlyklaryň bahalarynyň ýokarlanmagy barada boldy. Putin özüniň adamlaryň aladasyna, olara inflýasiýanyň ýetirýän täsirine düşünýändigini aýtdy.

"Hökümet bizi ýoldan azaşdyrmaýar, bizde hakykatdanam 12.9 prosent inflýasiýa bar, bu kiçi san däl. Azyk harytlarynyň bahalary düýpli gymmatlady» diýip, Putin boýun aldy.

Emma ol Orsýete import edilýän harytlara girizilen çäklendirmeleriň Ukrainadaky konflikt zerarly girizilen Günbatar sanksiýalaryna garşy görlen jogap çäresidigini hem sözüne goşdy.

Onuň tassyklamagyna görä, bu çäre Orsýetiň oba hojalygyny daýandyrypdyr we bahalaryň durnuklylaşmagyna alyp geler.

Putin rus ykdysadyýetiniň haýsy zonadadygy, akda ýa-da garadadygy baradaky soraga jogap berip, «Ol çalda, men munuň näme üçindigini hem aýdaýyn, sebäbi ykdysadyýetiň ýagdaýy entek gowulaşanok, emma tendensiýa şindi hem gowy» diýdi.

"Men eýýäm aýtdym, bizde 2015-nji ýylda jemi içerki önüm ösüşinde 3.7 prosent gaýdyş boldy. Bu ýyl rus hökümeti peselişiň 0.3 prosent boljagyny çaklaýar, indiki ýyl bizde 1.4 prosent ösüş bolar" diýip, Putin sözüniň üstüni ýetirdi.

Ol rus ykdysadyýetiniň ýuwaş-ýuwaşdan tebigy serişdeleriň eksportyna daýanmak ädehedinden «ýokary tehnikaly önümleriň eksportyna” geçýändigini aýtdy.

Rus prezidenti göni aragatnaşykly telewizion programma arkaly, göni efirde ýurduň çar künjeginden we studiýanyň içinden berilýän soraglara jogap berdi.

14-nji aprelde prezident bilen gurnalan sorag-jogap sessiýasy indi Putin 2000-nji ýylda Kremle geleli bäri 14-nji gezek geçirilýär.

Guramaçylaryň berýän maglumatlaryna görä, rus raýatlary prezidente telefon, ýörite websaýtlar we sosial media arkaly 2 milliondan gowrak sorag iberdiler.

Putine ilkinji wideo soragyny beren Sibiriň Omsk şäherinden bir ýaş aýal bolup, ol öz ýaşaýan ýerindäki ýollaryň juda ýaramazdygyny, ýagny döwük-ýenjikden doludygyny aýtdy.

Putin bu soraga kanundaky näsazlyklaryň regional liderlere döwletiň ýollar üçin goýberýän serişdelerini başga maksatlar üçin ulanmaga şert döredýändigini aýdyp jogap berdi.

Putin daşary gatnaşyklar baradaky soraglara hem jogap berdi. Ol, halkara terrorçylyk howpy saklanyp galýan-da bolsa, Orsýetiň Siriýada geçiren harby operasiýasynyň üstünlikli bolandygyny aýtdy.

«Biz Siriýanyň goşunyny beýleki galan toparlaryň goldawynda çynlakaý hüjüm operasiýalaryny geçirip biljek ýagdaýda galdyrdyk, onsoň biziň goşunlarymyzyň bölümleri çykarylandan soň, olar Palmirany, strategiki taýdan möhüm beýleki ilatly nokatlary eýelediler» diýip, Putin aýtdy.

Ol Orsýetiň Siriýadaky konfliktiň soňuna çykmak prosesine içgin gatnaşýandygyny nygtap, bu ýurtda syýasy çözgüde çagyrdy.

Bir öwrümde Putinden, aýdylmagyna görä, 12 ýaşly gyz, onuň gark bolýan iki adamyň haýsysyny: Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdoganymy ýa-da Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenkony ilki halas etjegini sorady.

Prezident bu soraga göni jogap bermekden saklanyp, «Eger-de biri gark bolmagy karar etse, ony halas etmek mümkin däl. Emma, elbetde, biziň partnýorlarymyzyň islendigi islese, biz olara kömek bermek üçin dostluk goluny uzatmaga taýýar» diýdi.

Putin orsýetlileriň adatça dynç alýan ýerleri bolan türk kenarlaryna gitmeginiň howpsuz däldigini aýtdy. Şeýle-de ol Türkiýe hakykatda «raýat urşy» ýagdaýyndaky döwlet we türk hökümeti munuň çäresini tapmaýar diýdi.

Prezident Putin özüniň indiki dynç alşyny Krymda, Orsýetiň 2014-nji ýylda Ukrainadan anneksiýa eden regionynda geçirmegi wada berdi.

Şeýle-de prezident 14-nji apreldäki sorag-jogap duşuşygynda «panama kagyzlarynyň» syzdyran paş etmelerini orsýetlileriň arasynda şübhe döretmek üçin gurnalan «prowakasiýa» diýip atlandyrdy.

Iňlisçeden türkmençä geçiren Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG