Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda işleýän daşary ýurtlularyň tejribeleri


Migrasiýa gullugy we migrant aladalary
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:16 0:00

Migrasiýa gullugy we migrant aladalary

Türkmenistanda Döwlet migrasiýa gullugunyň döredilmeginiň 13 ýyllygy bellenilýär we prezident Berdimuhamedowyň migrasiýa işgärlerine gutlagynda «gulluga dünýäniň ösen tejribeleriniň, iş ýöretmegiň täzeçil usullarynyň yzygiderli ornaşdyrylmagy... babatda döwletiň mundan beýläk-de alada etjekdigi" aýdylýar.

Türkmen telewedeniýesi prezident Berdimuhamedowyň bu sene mynasybetli ýurduň migrasiýa gullugynyň ýolbaşçylaryndan gutlag kabul edişini görkezip, «ýurtda amala aşyrylýan özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde, halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde, döwrüň wajyp meseleleriniň oňyn çözgüdiniň tapylmagynda migrasiýa gullugynyň işgärlerine möhüm ornuň degişlidigini» belleýär.

Şol bir wagtda daşary ýurtlarda işleýän, okaýan ýa-da dürli sebäpler arkaly daşary ýurtlara göçüp giden müňlerçe türkmen raýatynyň yzlarynda galan maşgalalary bilen görüşmekde, ýurda baryp-gelmekde uly kynçylyk çekýändigi hakynda habarlar çykýar.

Mundanam başga, Türkmenistan bilen kanun esasynda hyzmatdaşlyk edýän ýurtlaryň wekilleri, iş adamlary we ýönekeý işçiler hem türkmen wizasyny almakda uly kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýandyklaryny gürrüň berýärler.

«Şu wagt Türkmenistanda aýaly we çagalary garaşýan, özi bolsa Türkiýede Türkmenistana gitmek üçin wiza almaga synanyşýan 1500 sany türk bardyr, munuň üstesine olaryň maşgalalaryny hem goşup pikir edip görüň, bu san näçä baryp ýeter?» diýip, Azatlyk radiosynyň Türkmenistanda işleýän daşary ýurtlular baradaky söhbetdeşligine gatnaşan türk raýaty aýdýar.

Eýsem ilatyň uly bir bölegi ýurtda iş tapman, Türkiýe ýaly ýerlerde bikanun ýagdaýlarda işleýän pursady, daşary ýurtlardan Türkmenistana işlemäge baran adamlar nähili tejribeleri başdan geçirýärler?

«Dünýä türkmenleri» gepleşigimiziň bu günki sanynda Türkmenistanda işleýän ýa işläp gaýdan daşary ýurtlularyň tejribeleri hakda gürrüň edýäris we söhbetdeşlige goşulyp, pikirleriňizi paýlaşmaga çagyrýarys.

Migrasiýa gullugy we migrant aladalary
please wait

No media source currently available

0:00 0:10:00 0:00

XS
SM
MD
LG