Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Şabunts: Goşa raýatlara pasport berilmegi togtadyldy


Türkmenistanyň baýdagy we pasportlary
Türkmenistanyň baýdagy we pasportlary
Türkmenistanyň orsýet pasportyna eýe bolan raýatlaryna häzirki wagtda daşary ýurt pasportynyň berilmeýändigi barada birnäçe maglumatlar gelip gowuşdy. Muňa näme sebäp bolýar? Pasport almak üçin göz öňünde tutulan düzgünlerde näme üýtgedi? Biz bu sowallar bilen türkmenistanly graždan aktiwisti Nataliýa Şabuntsa ýüzlendik.

Azatlyk Radiosy: Nataliýa, goşa raýatlyga eýe bolan adamlara Türkmenistanyň daşary ýurt pasportlarynyň berilmeýändigi barada sizde nähili maglumatlar bar?

Nataliýa Şabunts: Hawa, gynansak-da, bu hakykat. Men bu barada eşidenimde, başda ynanyp bilmändim, belki-de adamlar ýalňyş düşünen bolaýmasyn diýip. Emma bu maglumat tassyklandy. Gynançly bu ýagdaý Türkmenistanyň Migrasiýa gullugynyň döredilmeginiň 11 ýyllygyna gabat geldi.

Azatlyk Radiosy: Pasportyň berilmezliginiň sebäbi adamlara nähili düşündirildi?

Nataliýa Şabunts: Bärde hiç hili sebäp görkezilmeýär. Adamlara düşündiriş berlenok, olaram indi pasportyň berlip başlanmagyna garaşýarlar.

Azatlyk Radiosy: Daşary ýurt pasportynyň berilmezligi bilen bagly dörän häzirki ýagdaý barada jikme-jik gürrüň beräýseňiz?

Nataliýa Şabunts: Köpüsi eýýäm pasportly, emma käbir agzalary entek pasportyny alyp ýetişmedik tutuş maşgalalar hem bar. Olar baryp pasportyny aljak bolanlarynda, pasportyň berilmegi wagtlaýynça togtadyldy diýen jogaby alypdyrlar. Ýogsa, bu adamlaryň dokumentleri bireýýäm tabşyrylypdy. Käbirleri dokument tabşyrmakda hem kynçylyk çekipdirler. Ýöne dokumentlerini eýýäm tabşyryp, taýýar dokument aljak bolýanlar has köp.

Azatlyk Radiosy: Pasport almak üçin Migrasiýa gullugyna baran adamlara näme diýýärler?

Nataliýa Şabunts: Pasportyň berilmegini togtatmak barada karar kabul edildi diýilýär, emma kim tarapyndan kabul edildi, näme üçin, bu näme bilen baglylykda kabul edildi diýen sowallara hiç hili düşündiriş berilmeýär. Migrasiýa gullugynyň işgärleriniň munuň sebäplerinden özleriniň-de habarsyz bolmaklary ähtimal.

Azatlyk Radiosy: Goşa raýatlygy bolan adamlara pasportyň berilmejegi barada Migrasiýa gullugynda haýsy-da bolsa bir resmi maglumat ýerleşdirildimi, edaranyň içinde ýa daşynda ýazmaça görnüşde bildiriş barmy?

Nataliýa Şabunts: Häkimiýetleriň kanuna ters gelýän hereketleri barada hiç wagtda resmi görnüşde habar berilmeýär. Diňe sözde jogap berilýär. Öz wagtynda, türkmen pasportyny aljaklar daşary ýurt pasportyndan ýüz öwürmeli diýen talap hem adamlara ýazmaça ýetirilmändi, bu hakda resmi bildiriş çap edilmändi, bu diňe dilden beýan edilipdi.

Azatlyk Radiosy: Size mälim bolan maglumatlara görä, goşa raýatlyga eýe bolan adamlara daşary ýurt pasportynyň berilmegi haçan bes edilipdir?

Nataliýa Şabunts: Bu soňky iki hepde töweregi wagt bäri dowam edýär. Şol bir wagtyň özünde-de goşa raýatlyga eýe bolan adamlar pasport almak bilen baglylykda ýylyň dowamynda hem kynçylyk çekipdiler. Pasportyň taýýarlanmagynyň möhleti käbir halatlarda sebäbi düşündirilmezden uzaga çekilýär. Köplenç şeýle ýagdaý bilen Türkmenistanda propiskasy bolup, täze pasport almak üçin Orsýetden gelýän adamlar ýüzbe-ýüz bolýarlar. Meselem, adamlar garaşyp, ençeme wagtdan soň täze pasportyny eline alansoň, pasportyň çap edilen wagtyna seredip, onuň bir-iki aý öň taýýar bolandygyny bilip galýarlar, ýagny taýýar pasportyň eýesine berilmän saklanmagy bilen bagly düşnüksiz ýagdaýlar ýüze çykýar.

Azatlyk Radiosy: Nataliýa, geçen ýylyň tomsundan bäri goşa raýatlykly adamlar pasport almakçy bolanlarynda, näçe wagtlap garaşmaly bolupdylar?

Nataliýa Şabunts: Men muny takyk aýdyp biljek däl. Her bir adamyň ýagdaýy dürli hili boldy. Käbirlerine pasportlar tiz berlipdi, käbirleri üç aýlap garaşmaly bolupdylar. Meniň bir tanşym Orsýetden gelip, Türkmenistanda üç aýlap pasporta garaşyp ýaşamaly bolupdy. Ol öňünden alnan uçar biletlerini birnäçe gezek yzyna tabşyrdy, sebäbi ol başda pasport bir aýda berler öýdüpdi. Ýagdaýlar bir-birine meňzeş bolmady, hatda bir wagtda dokument tabşyran bir maşgalanyň agzalaryna-da pasportlar dürli wagtda berilýär, birine pasport tiz berilýän bolsa, başgasynyňkyny, sebäbini düşündirmezden, saklaýarlar. Şol bir wagtda-da goşa raýatlyga eýe bolmadyk adamlar pasportlary beýlekilere garanda tiz, köplenç wagtynda alyp bilýärler.

Azatlyk Radiosy: Häzirki wagtda pasport almakda kynçylyk çekýänler Orsýetiň pasportyna 2003-nji ýyldan öň eýe bolan adamlarmy ýa-da soňmy?

Nataliýa Şabunts: Ýok, bu meseläniň iň ýaramaz tarapy-da şudur, geçen ýyl 2003-nji ýyldan soň Orsýetiň raýatlygyny alan adamlara pasport almaga rugsat berilmänsoň, olar öz meselesiniň çözülmegini, özlerine-de pasport berilmegini umyt edip, bir ýyllap garaşyp ýaşadylar. “Goşa raýatlaryň” ýene bir topary, ýagny Orsýetde propiskasy bolan türkmen raýatlary-da pasport almakda kyn ýagdaýa düşdüler. Emma, bu agzalan toparlaryň meselesiniň çözgüdiniň uzaga çekmeginiň üstesine, 2003-nji ýyla çenli orsýet pasportyny alan adamlara-da indi pasport berlenok, bu örän gynandyrýar.

Azatlyk Radiosy: Geçen ýylda goşa raýatly adamlara täze türkmen pasportynyň berilmegi bilen bagly mesele döwlet derejesinde çözlende 2003-nji ýyla çenli Orsýetiň raýaty bolan türkmen raýatlaryna pasport almaga rugsat berildi. Şonda 2003-nji ýyldan soň orsýet pasportyny alanlaryň ýagdaýy nähili boldy?

Nataliýa Şabunts: Iki ýurduň pasportlaryny özünde saklap galan raýatlar, şeýle-de türkmen raýatlygyny tassyklap, özünde saklap galan adamlar türkmen raýatlygyndan ýüz öwren adamlara garanda, has agyr ýagdaýa düşdüler. Sebäbi türkmen raýatlygyndan mahrum bolup, orsýet raýatlygyny saýlap alan adamlar Türkmenistanyň wizasy bilen ýurda gelip bilýärler. Türkmenistanyň pasportyny saklap galan türkmenistanlylar bolsa dürli sebäplere görä Türkmenistanyň daşyna çykanlarynda ýa-da içine baranlarynda, serhetde pasportynyň elinden alnan halatlary hem boldy. Ýagny, olaryň ellerindäki köne türkmen pasportlary alynýar, täzesi bolsa berilmeýär.

Şol bir wagtyň özünde-de pasportyň elinden alynmagy adamyň raýatlygynyň hem elinden alnandygyny aňlatmaýar. Türkmenistanyň raýatlygyndan çykmagyň özi-de örän kyn we uzaga çekýän proses boldy. Meniň özüm Türkmenistanda, türkmen raýatlygyndan çykmak isläp, raýatlykdan çykarylandygy tassyklanan adama duş gelmedim. Häzirki ýagdaýda adamlaryň düşen ýagdaýyny zamunlyga meňzetmek mümkin. Adamlar meseläniň çözülmegine garaşýarka, çözgüde derek ýagdaý hasam agyrlaşdy.

Azatlyk Radiosy: Raýatlaryň pasport meselesine degişli soraglaryna resmi jogap berilýärmi, muňa haýsy edara jogapkär?

Nataliýa Şabunts: Resmi jogap diýen zat bizde ýok, hiç wagtda bolmandy we bolmazam. Bu mesele Migrasiýa gullugyna we onuň bilen bagly edaralara degişli. Ýüz tutanyňda, köplenç jogap berilmeýär, ýa-da örän umumy bir jogap berilýär. Ýöne käbir halatlarda käbir çäreler görülýär. Maňa mälim bolşuna görä, meselem, geçen ýylyň dekabr aýynda örän çäkli bir toparyň agzalaryna, ýagny 2003-nji ýyldan soň orsýet raýatlygyny alan käbir adamlara gyş baýramçylygynda Orsýete baryp gaýtmak üçin köne içerki pasportlaryň içine çykyş wizasy goýuldy. Şol adamlar iki hepdelik Orsýete gidip geldiler. Emma bu örän çäkli görnüşde edilen bir çäre bolupdy. Köpçülik mundan habarsyz galdy.

Häzirki wagtda bolsa biometriki türkmen pasportyna eýe bolmadyk adamlara köne içerki pasportlarynyň esasynda çykyş wizasynyň berilýän halatlary bolýar. Maňa mälim bolşuna görä, şeýle çykyş wizasynyň bahasy 95 dollar, ondan peýdalanmak üçin üç günüň dowamynda ýurtdan çykmaly. Bolmasa ol köýýär. Türkmenistandan Orsýete baryp gaýtmak, garyndaşlaryny görmek ýa-da öz işlerini bitirmek isleýän adamlar muňa-da kaýyl bolýarlar.

Azatlyk Radiosy: Agzalan 95 dollarlyk çykyş wizasy kanuny bir zatmy ýa-da bikanun?

Nataliýa Şabunts: Bu Migrasiýa gullugy tarapyndan edilýän zat, emma onuň kanuny ýa bikanundygyny men bilemok, emma adamlaryň şeýle wizalar bilen Orsýete baryp gaýdanda, serhetden geçirilendigini bilýärin.

Azatlyk Radiosy: Nataliýa, Siz raýatlygy bolmadyk adamlaryň hem bardygyny aýtdyňyz. Şeýle adamlaryň sany köpmi? Olar ýurduň daşyna gitmekde nähili kynçylyk çekýärler?

Nataliýa Şabunts: Men muňa ýakynda duş geldim. Raýatlygy bolmadyk adamlarda ýörite dokument bar, olara raýatlygy bokmadyk şahsyň pasporty diýen bir dokument berilýär. Bu pasport ýurduň daşyna syýahat etmäge mümkinçilik berýär. Emma bu pasportyň möhletini her ýarym ýyldan uzaldyp durmaly. Meniň bir tanşym häzir Ukrainada bilim alýar. Onuň gürrüň bermegine görä, geçen ýylyň oktýabr aýyndan bäri onuň pasportyndaky wizanyň möhletini uzaltmaýarlar we muny şol pasportlaryň täze bir görnüşi bilen çalyşylmagyna garaşylýandygy bilen düşündirýärler.

Şol gyzyň maşgalasy 1993-nji ýylda Ukrainadan Aşgabada göçüp barypdyr. Olar Türkmenistanyň raýatlygyny almak üçin 2007-nji ýylda hasaba durup, ýylyň dowamynda birnäçe gezek öz nobatyny belledip gelipdir. 2011-nji ýylda ejesine we erkek doganyna pasport berlip, bu gyza pasport berilmänsoň, bu gyz daşary ýurtlarda okamakçy bolanda, oňa raýatlygy bolmadyk şahsyýetiň pasporty berildi. Talyp gyz şeýle pasporty bilen okuwyna arkaýyn gatnaýardy.

Soňky sapar student ekzamenlerini tabşyryp Türkmenistana gelende, oňa pasportyň möhleti martda gutarýan hem bolsa, täze görnüşine garaşyň diýipdirler. Emma indi, pasportyň möhleti martda gutardy diýip, oňa täze pasport bermekden ýüz öwrüpdirler. Ol bolsa maýda diplomyny goramaly. Student gyz Migrasiýa gullugyna ýüzlenende, oňa gullugyň başlygyna ýüz tut diýilýär, başlyk bolsa Migrasiýa gullugynyň özüne ýüzlen diýýär. Ine şeýdip, adamlar şol bir tegelegiň içinde aýlanyp ýörmeli bolýarlar.
XS
SM
MD
LG