Germaniýanyň migrantlara garşy hereketiniň döredijisi 19-njy aprelde Drezden şäherinde sud edilýär.
Lutz Bahman (Lutz Bachmann) sosial mediada çap eden ençeme maglumaty arkaly jemgyýetçilik düzgünini bozmakda aýyplanýar. Bahman sosial mediadaky maglumatlarynda bosgunlary “mal” we “zir-zibil” diýip atlandyrýar.
Germaniýanyň sudy bu maglumatlar bosgunlaryň “mertebesine hüjüm edilendigini” görkezýär diýýär.
43 ýaşyndaky Bahman günäli tapylsa, onda ol bäş ýyla çenli türme tussaglygy bilen ýüzbe-ýüz bolup biler.
“Pegida” atly hereket Germaniýanyň kansleri Angelo Merkeliň migrantlar baradaky syýasatyna garşy çykyş edýär. Merkeliň migrantlar baradaky syýasaty esasynda geçen ýyl Germaniýa bir milliondan gowrak migrant we bosgun geldi.
Menä düýnki reýs bilen bir garyndaşymy konsullykdan birine bilediň daşyndan 600$ berip getirtdim. Aşgabatdan çözjek bolsaň 3000$ soraýalar, ýöne aňryň konsullugyna çyksaň bärräk bolýan ekeni.