Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Adam patefon" £30 müň utdy


Jonathan Tel
Jonathan Tel

Britan ýazyjysy Jonathan Tel «Adam patefon» (The Human Phonograph) hekaýasy üçin «Sunday Times» neşiriniň gysga hekaýalar üçin berýän baýragyna (£30,000) mynasyp boldy.

Bu baýraga ozal Pulitzer baýragyny alan Junot Diaz, Anthony Doerr we Adam Johnson, Yiyun Li, CK Stead we Kevin Barry dagy mynasyp bolupdy.

Bu ýyl bir hekaýa üçin berilýän iň uly pul sylagyny almak ugrundaky bäsleşige dünýäniň 850-den gowrak ýazyjysy gatnaşdy.

«Freýdiň elipbiýi» (Freud’s Alphabet) romanynyň, “Arafatyň pili» (Arafat’s Elephant) atly hekaýalar ýygyndysynyň, «Pekin mümkinçilikleri» (The Beijing of Possibilities) hekaýalar tapgyrynyň awtory bolan Tel bu baýrak tarapyndan bireýýäm ykrar edilipdi.

Onuň «Şanhaýyň köwüş şasy» (The Shoe King of Shanghai) hekaýasy hem, «Adam patefon» (The Human Phonograph) ýaly, Hytaý hakyndaky hekaýalar tapgyryna girýärdi we 2014-nji ýylda «Sunday Times» neşiriniň gysga hekaýalar üçin sylagyna hödürlenen eserleriň içinde «gysga sanawa» giripdi.
«Adam patefonyň» wakalary Hytaýda, 1960-70-nji ýyllarda bir ýadro bazasynda bolup geçýär we bir-birini ýedi ýyllap görmedik är-aýalyň gatnaşyklaryny seljerýär.

Bu eser dünýäniň bir hekaýa berilýän iň uly pul baýragyna seçilen dört awtoryň - amerikan ýazyjysy Edith Pearlmanyň, «Guardian” neşiriniň ilkinji kitap üçin berýän baýragyny alan zimbabweli Petina Gappahyň, Impac baýragynyň eýesi Colum McCannnyň hekaýalarynyň arasyndan seçildi.
Bu ýylky baýragyň sudýasy, romançy ýazyjy Rose Tremain Teliň ähli sudýalar tarapyndan, biragyzdan seçilendigini aýtdy.

Şeýle-de ol paneliň, «romançy ýazyjy hökmünde, Teliň ýagty geljegi bar» diýip pikir edýändigini belledi.

Bu £30 müňlük baýragyň iňlis dilinde, Angliýada çap edilen hekaýalara ýedinji gezek berlişi, ýöne Tel ony britaniýaly ýazyjylaryň arasynda ilkinji bolup alan awtor boldy.

XS
SM
MD
LG