Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe: Gaziantep partlamasynda 2 ofiser öldi


Türkiýe, howpsuzlyk güýçleri
Türkiýe, howpsuzlyk güýçleri

1-nji maýda Türkiýäniň Gaziýentep şäherinde, polisiýa edarasynyň golaýynda bolan partlamada 2 polisiýa ofiseri ölüp, 22 adam ýaralandy.

Gaziantep regional gubernatory Ali Ýerlikýanyň beýanatynda partlama ulag bombasynyň sebäp bolandygy aýdylýar, emma onuň arkasynda kimiň durandygy aýdylmaýar.

CNN Turk polisiýa stansiýasynyň ýanyndaky awtoulag böleklerini, şeýle-de «Tiz kömek» we ýangyn söndüriji maşynlary görkezdi.

Gaziantepiň regional gubernatory Ali Ýerlikaýa metbugata ýaraly bolanlaryň 9-synyň polisiýa ofiseridigini aýdypdyr.

Gaziantep Siriýanyň döwlet kontrollugyndaky serhediniň golaýynda ýerleşýär.

XS
SM
MD
LG