Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystan: Ýer meselesi ‘Milli birlik’ gününe kölege saldy


Gazagystanyň prezidenti Nursultan Nazarbaýew.
Gazagystanyň prezidenti Nursultan Nazarbaýew.

Gazagystanda “Milli birlik” güni üçin niýetlenilen dabaralaryň hökümetiň ekerançylyk ýerlerini hususylaşdyrmak planyna garşy protestlere öwrülip, ýurtda barýan demonstrasiýalar hepdäniň ahyrynda has-da beter ýaýbaňlandy.

Tassyklanmadyk üýşmeleňlere gadagançylyk girizilendigine garamazdan, Gazagystan 24-nji aprelden bäri gündogardaky uly şäherler Astana bilen Almatyda, günbatardaky nebit şäherleri bolan Atyrau bilen Aktauda, demirgazykdaky şäherler Aktobe we Semeýde, şeýle hem günortadaky Şymkent şäherinde demonstrasiýalara şaýat bolup gelýär.

Ýöne demonstrasiýalar “Milli birlik” güni, ýagny 1-nji maýda 2011-nji ýylda Gazagystanyň Garaşsyzlyk gününde bolan gazaply protestlerde 17 adamynyň ölen ýeri bolan Žanaözende-de, Gazagystanyň oba hojalyk regiony Gyzylorda-da geçdi.

Žanaözende demonstrasiýadan düşürilen wideolarda protestçiler bilen ýerli resmileriň arasynda geçen gaharly sene-meneler görünse-de, protest esasan parahatçylykly boldy. Ýöne Gyzylordadan alnan wideolarda polisiýanyň protestçileri zor bilen dagadandygyny görmek bolýar.

"YouTube" saýtynda ýerleşdirilen bir wideoda bir topar ýaşlaryň polisiýany ýaňsa alýandygy görkezilýär. Ahyrsoňy polisiýa olara topulanynda adamlar dumly-duşa pytraýarlar. Tüpeň sesi eşidilmese-de, ýagdaý 2011-nji ýylda Žanaözende bolan wakalara çalym edýär.

Ýerleri hususylaşdyrmak plany käbir adamlary aladalandyrýar. Olar iň gowy ýerleri ýurduň elitasynyň satyn alaryndan, has ýamany-da, Hytaýyň bu ýerleri gazak kanunçylygynda rugsat edilen iň ýokary möhlet bolan 25 ýyllygyna kärendesine alaryndan gorkýarlar.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan adamlaryň aglabasy özleriniň ýerleriň satylmagyna, hatda çet ýurtlulara kärendesine berilmegine-de, garşy däldiklerini aýdýarlar. Ýöne olar, aýratyn-da ýaşlar, prezident Nursoltan Nazarbaýewiň 75 ýaşyndadygyna, onuň ýene 25 ýyly arka atyp bilmejekdigine salgylanyp, bu işiň şu wagt edilmegini sorag astyna alýarlar. Olar ýerleri hususylaşdyrmak täze lider häkimiýet başyna gelýänçä bolmaly däl diýýärler.

XS
SM
MD
LG