Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

UEFA Kosowany özüniň 55-nji agzasy etdi


Kosowanyň delegasiýasynyň agzalary ýurduň UEFA agza bolmagyny dabara bilen garşy aldylar.
Kosowanyň delegasiýasynyň agzalary ýurduň UEFA agza bolmagyny dabara bilen garşy aldylar.

Ýewropanyň Futbol assosiasiýalarynyň bileleşigi UEFA Budapeştde geçen gurultaýda Kosowany bu gurama özüniň 55-nji agzasy edip aldy.

Kosowanyň Futbol federasiýasynyň prezidenti Fadil Wokrri bu täzeligi, ýagny ses berişlige gatnaşan agza ýurtlaryň 54-den 28-niň Kosowany goldamagyny, 2008-nji ýylda birtaraplaýyn häsiýetde Serbiýadan öz garaşsyzlygyny yglan eden bu garyp merkezi balkan respublikasy üçin bir "taryhy pursat" diýip atlandyrdy.

Serbiýanyň wekilleriniň baştutanlygynda Kosowanyň Ýewropanyň Futbol federasiýasyna agzalygyna garşy çykanlaryň Kosowanyň bu gurama kabul edilmegi sport däl-de, syýasy karar bolar diýen delilleri başa barmady.

Serbiýanyň Futbol federasiýasynyň prezidenti Tomislaw Kardziç UEFA-nyň 3-nji maýda Budapeştde geçen 40-njy gurultaýynda Kosowanyň UEFA goşulmak baradaky arzasynyň sese goýulmazynyň öň ýanynda eden çykyşynda şeýle diýdi: "Ýagdaý has çynlakaý, sebäbi esasy binýatlar bozulýar, bu gün futbolyň diňe bir sport däldiginiň sebäbi şeýle. Men [Serbiýanyň Futbol federasiýasynyň] prezidenti hökmünde diňe öz ýurdumyň özbaşdaklygyny, toprak bütewüligini ýeke futboldan däl, eýse futboly-da syýasatdan goraýandygyma berk ynanýaryn".

FIFA hem ses berişlik geçirer

Kosowanyň agzalyga alynmagy onuň milli futbol toparynyň halkara ýaryşlarda beýleki ýewropa futbol komandalaryna garşy oýnamagyna, şeýle hem ýewropa ýaryşlaryna gatnaşmagyna ýol açýar.

Kosowanyň paýtagty Priştinada bir zenan Azatlyk Radiosynyň Balkan gullugyna şeýle diýdi: "Bu bir hakyky şatlyk. Biz muňa köp wagtlap garaşdyk... Men daşary ýurtlarda oýnaýan meşhur kosowa futbolçylary indi gelip biziň öz milli futbol toparymyza goşularlar diýip umyt edýärin. Näme üçin bolmasyn? Men ýeňişlere garaşýaryn".

Ýene biri: "Bu gün Priştinada ýagyn ýagsa-da, bu waka bu güni şatlykly güne öwürdi" diýdi.

Dünýäniň futbol guramasy FIFA-nyň hem Kosowany öz hataryna almak boýunça 13-nji maýda öz ýyllyk gurultaýynda ses berişlik geçirmegine garaşylýar. Bu gurama kabul edilse, Kosowa global futbol boýunça iň uly baýraga, ýagny dünýä kubogy ugrunda dalaş etmäge hukuk gazanar.

Hoş habar

FIFA şu wagta çenli Kosowa diňe dostlukly halkara oýunlara gatnaşmaga ýol berip geldi.

Kosowa 1998-1999-njy ýyllarda etnik albanlar bilen Serbiýanyň harby hem ýarym harby güýçleriniň arasyndaky agyr urşy başdan geçirdi. Ondan on ýyl öň hem Priştina özüni Serbiýadan garaşsyz diýip yglan edipdi.

Kosowanyň takmynan 1.9 million ilatynyň 90 prosentden gowragy etnik albanlar.

Ýurduň prezidenti Haşym Taji UEFA-nyň kararyny taryplap, öz "Facebook" sahypasynda: "Kosowa UEFA-da! Bu respublikamyzdaky sansyz-sajaksyz janköýerler üçin iň gowy habar. Indi halkara çempionatlarynda oýnarys. Käbir oýunlar utular, käbirleri utdurylar, ýöne hiç kim bizi ýaşyl meýdançalardan çetleşdirip bilmez" diýip ýazdy.

Kosowanyň premýer-ministri Isa Mustafa hem hoş habary gutlady. Ol "Facebookda" şeýle ýazdy: "Kosowa adatdan daşary üstünlikler döwrüni başdan geçirýär. Uly netijeler, biziň yhlasymyzyň we halkara ýaranlarymyzyň goldawy öňümizdäki günlerde hem dowam eder. Biz öz ata Watanymyza guwanýarys".

Ses berişlikden öň Kosowanyň Futbol federasiýasynyň başlygy Wokrri delegatlara ýüzlenip, geçmişiň al-arwahynyň täsirini terk edip, "ýurduň ýaşlaryna futbol oýnamaga mümkinçilik beriň" diýip haýyş etdi.

Serbiýanyň Futbol federasiýasynyň başlygy Tomislaw Karadziç hem UEFA-nyň wekillerini Kosowanyň arzasyny ret etmäge çagyrdy.

“Serbiýanyň ysgynsyzlygyndan peýdalanýanlar”

Ol: "Bu bir syýasy teklip, futbol oýnamak teklibi däl. Ol regionda garym-gatymlyk döreder" diýdi.

Garaşsyzlygyny yglan edeli bäri Kosowany 112 döwlet ykrar etdi. Serbiýanyň ýarany Orsýet bolsa Kosowanyň garaşsyzlygyna kesirlik bilen tankydy garap gelýär.

Serbleriň köplük bolup ýaşaýan ýeri bolan demirgazyk Kosowada ýurduň ýewropa futbol ýaryşlaryna gatnaşmak boýunça gazanan öňegidişligine o diýen begençli garalanok.

"Men bu asla bolmasyn diýip umyt edipdim. Ýöne syýasat bir täsin zat" diýip, bir etnik serb Azatlyk Radiosyna aýdýar.

Başga biri hem: "Näme? UEFA? Bular Serbiýanyň ysgynsyzlygyndan peýdalanýan Günbataryň adamlary" diýdi.

Ýöne serbiýanyň sport ýazyjysy Gorçin Stojanowiç Azatlyk Radiosyna Belgraddan Kosowanyň UEFA girmegi bäsdeş ilatyň arasynyň gowulanmagyna goşant goşar diýdi: "Eger biz syýasy kadalylyga ymtylýan bolsak, onda iň gowusy futboldan başlamak. Priştinada Kosowa bilen Serbiýanyň arasynda futbol oýunlaryny geçirmeli, şeýdip, problemany hemişelik çözmeli".

Serbiýanyň Kosowanyň halkara derejesinde ykrar edilmeginiň öňüni almaga edýän synanyşyklaryna garamazdan, mundan öň ol dünýäniň birnäçe sport guramalaryna, şol sanda atletika we gimnastika boýunça guramalara-da agzalyga alyndy.

XS
SM
MD
LG