Adam hukuklaryny gorap çykyş edýän iki tanymal gurama gündogar Ukrainada konfliktdäki taraplaryň ikisiniň-de parahat ilaty eden-etdilik bilen tussaglykda saklaýandygyny, gürüm-jürüm edýändigini we gynaýandygyny aýdýar.
Halkara günä geçiş guramasy "Amnesty International" Owganystanda konfliktden gaçyp, ýurduň öz içinde bosgunlyk çekmäge mejbur bolan adamlaryň sanynyň geçen üç ýyllykda iki esseden hem artyp, 1.2 milliona ýetendigini aýdýar.
Hökümetleri näme diýse-de, tutuş dünýäde ilatyň aglaba köplügi bosgunlary goldamak pikirine oňaýly garaýar. Bu barada "Amnesty International" guramasynyň geçiren täze barlagynda gelnen netijede habar berilýär.
Ýewropanyň Futbol assosiasiýalarynyň bileleşigi UEFA Budapeştde geçen gurultaýda Kosowany bu gurama özüniň 55-nji agzasy edip aldy. Kosowanyň Futbol federasiýasynyň prezidenti Fadil Wokrri bu täzeligi, garyp merkezi balkan respublikasy üçin bir "taryhy pursat" diýip atlandyrdy.