Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýa: BMG bosgunlar lagerine edilen hüjümi derňeýär


Hüjüme sezewar edilen bosgunlar lageri, Idlib welaýaty
Hüjüme sezewar edilen bosgunlar lageri, Idlib welaýaty

BMG-niň adam hukuklary boýunça ýolbaşçysy guramanyň bilermenleriniň 5-nji maýda Siriýanyň bosgunlar lagerine edilen we azyndan 28 adamyň ölümine sebäp bolan howa hüjümlerini derňejekdigini aýtdy.

“Bu pajygaly hüjümleriň tötänlik bolmagy aňryçäk derejede mümkin däl” diýip, Zeid Raad al-Hussein 6-njy maýda eden çykyşynda aýtdy.

Ol howa hüjümleriniň Siriýanyň uçarlary tarapyndan amala aşyrylandygy baradaky hasabatlaryň entek tassyklanmandygyny belledi.

Siriýanyň harbylary hüjüme öz uçarlarynyň gatnaşygyny ret edýärler.
Fransiýa we beýleki ýurtlaryň birnäçesi Siriýanyň demirgazygynda bolan hüjümleri ýazgardylar we derňewleriň geçirilmegine çagyryş etdiler.

Çadyrly lagerde Siriýada bäş ýyl bäri dowam edýän graždan urşy zerarly öýlerini terk eden siriýalylar ýaşaýar.

XS
SM
MD
LG