Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Bäş çagamy eklemek kynlaşýar"


Aşgabadyň Garadamak aýlawynda, haýsydyr bir ulagyň bu ýere gelip saklanmagy töwerekdäki garaşyp oturan adamlarda ýakymly umyt oýarýar. Onsoň, maşyn gelip duran badyna, onlarça adam ylgap maşynyň ýanyna barýar. Çünki haýsydyr bir ulagyň bu aýlawa gelmegi garaşyp oturanlaryň käbiri üçin ähtimal gazanjyň gapysyny açýar.

Garadamagyň aýlawy paýtagtda işläp ýörenleriň arasynda, “Açyk zähmet biržasy” diýlip hasaplanýar, onuň il arasyndaky ikinji ady bolsa “Gul bazary”. Bu ýer, günlük işiň gözlegindäki adamlaryň merkezi, şol ýere gelýän maşynlaryň köpüsi-de günlükçi işçi güýjüni gözläp barýan adamlar.

Iş gözleginde Garadamaga baran şol adamlaryň arasynda galypçy, demirçi, betonçy, boýagçy, garaz, haysy ugurdan diýseň işçi bar. Soňky wagtlarda bolsa gurluşyk sektorynda iş ýerleriniň gysgaldylmagy şeýle işçileriň sanyny barha artdyrýar.

“Obada hiç hili işim ýok”

Işiň gözlegindäki adamlaryň sanynyň artmagy bolsa şol ýere jemlenşen adamlaryň iş tapmak mümkinçiligini azaldýar. Şeýlelikde uzyn gün garaşyp, iş tapman eli boş we lapykeç bolup öýüne dolanýanlar hem bar.

“Häzirki wagtda men şu ýerde günüme bolmanda 10-20 manat gazanýan. Obada bolsa meniň hiç hili işim ýok. Entek pensiýam ýok. Bu ýaşdan soň aňsat bolmasa-da, güzeran aýlamaly” diýip, özüni Sapar diýip tanadan 60 ýaşlaryndaky ildeşimiz aýdýar.

Sapar aga, Aşgabadyň bir wagtlar gülläp ösen gurluşyk sektorynda işlemek üçin, welaýatlardan paýtagta gelen türkmenistanlylardan biri. Ol paýtagta Daşoguzdan, ýagny ykdysady taýdan ýurduň iň garyp diýlip hasaplanýan welaýatlarynyň birinden gelipdir.

Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, ol indi ençeme wagtdan bäri Garadamak aýlawynda durup, günlükçi hökmünde gazanç edip, maşgalasyny eklemäge synanyşýar. Onuň Aşgabada gelenine indi ençeme ýyl bolupdyr.

Gurluşygy durzulan desgalar

Sapar aga, başga çykalga tapman, günlükçi bolup gazanç etmek üçin Aşgabada gelip, uzynly gününi Garadamakda talaba garaşyp geçirýän ildeşlerimiziň diňe biri.

Energiýanyň bahasynyň dünýä bazarynda barha peselmegi, türkmen manadynyň hümmetiniň aşak gaçmagy soňky aýlaryň dowamynda Türkmenistanyň ykdysadyýetine göz-görtele täsir ýetirdi.

Aşgabadyň gurluşyk pudagynda göze ilýän haýýallama - şol täsiriň aýdyň mysaly. Häzirki wagtda paýtagtda gurluşygy durzulan ençeme desgalar göze ilýär. Bu ýagdaý bolsa gurluşyk kärhanalarynyň öz golastyndaky işçileriň sanyny azaltmagyna getirýär.

Türkmenistanda edil soňky aýlaryň dowamynda näçe adamyň işden çykarylandygy ýa-da iş gözläp näçe adamynyň zähmet biržasynda hasaba durandygy barada takyk maglumat berilmeýär. Emma Halkara Walýuta Fondy ýaly guramalar öz hasabatynda Türkmenistandaky göz-görtele ykdysady gaýra tesmeden habar berýär.

Türkmenistanyň ykdysadyýeti

“Forbes” žurnalynyň, Halkara Walýuta Fondunyň ýakynda çap eden hasabatyna salgylanyp 10-nji maýda çap eden maglumatyna görä, şu ýyl Merkezi Aziýada adamlaryň ortaça aýlyk girdejisi soňky 20 ýylyň dowamynda iň pes derejä düşer.

Türkmenistanyň jemi içerki önümi bolsa 2015-nji ýylda 6.5% bolanyndan, bu ýyl 4.3%-e çenli aşak gaçar. Bu görkeziji 2014-nji ýylda 10.3%-e barabardy. Halkara Walýuta Fondunyň maglumatyna görä, dünýä bazarynda nebit-gazyň bahasynyň pese gaçmagy girdejisi energiýa serişdeleriniň eksportyna bagly ýurtlara has köp ýaramaz täsir ýetirer.

Türkmenistanyň ykdysadyýeti ýerasty baýlyklaryň, esasanam, daşary ýurtlara tebigy gaz satmagyň hasabyna dolandyrylýar. Türkmenistanyň gaz eksporty bolsa tas dolulygyna diýen ýaly Hytaýa gönükdirlen. Emma şol eksportdan ýurda näçe girdejiniň gelýändigi hakda halka takyk maglumat berilmeýär.

“Bäriniň ýagdaýy hem barha agyrlaşýar”

Emma Aşgabadyň Garadamak aýlawynda günlükçilik edip maşgalasyny ekleýän Sapar aga we şeýle-de maşgala eklenji üçin bu ýerde oturan 50 ýaşlaryndaky Begli aga ýurduň häzirki ýkdysady ýagdaýynyň Garadamaga hem gös-göni täsir ýetirip başlandygyny aýdýarlar.

“Meniň ýaşym 50-den geçdi, özümiň bäş çagam bar, oglum işleýär, ýöne hojalyk dolandyrmana diňe onuň aýlygy ýetmeýär. Şonuň üçin menem Aşgabada iş tapaýyn diýip geldim. Oba ýerinde iş ýagdýy hasam kyn, soňky döwür Garadamaga işçi gözläp gelýänleriň sany hem barha azalýar. Bäriniň ýagdaýy hem barha agyrlaşýar” diýip, maryly ýaşuly Begli aga Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Emma Begli aga ýaly welaýatlardan iş gözläp paýtagta gelen raýatlaryň problemasy diňe işiň azalmagy bilen çäklenmän, olar üssesine , tutulyp öz gelen welaýatlaryna yzyna iberilmek howpy bilen hem ýüzbe-ýüz bolýarlar.

Sebäbi soňky aýlaryň dowamynda howpsuzlyk güýçleri welaýatlardan iş gözläp Aşgabada gelen we Aşgabatda ýaşamak we işlemek rugsady bolmadyk adamlara garşy alyp barýan çärelerini barha artdyrýarlar. Bu hem welaýatlardan iş gözläp Aşgabada gelen agyr ykdysady ýagdaýdaky adamlaryň hal-ýagdaýny hasam agyrlaşdyrýar.

XS
SM
MD
LG