Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

69-njy Kann film festiwaly dowam edýär


69-njy Halkara "Cannes", ýagny Kann kinofilm festiwalynyň resmi posteri.
69-njy Halkara "Cannes", ýagny Kann kinofilm festiwalynyň resmi posteri.

Fransiýada 69-njy Halkara "Cannes", ýagny Kann kinofilm festiwaly dowam edýär. Bu ýyl festiwal Woody Alleniň "Cafe Socıety" atly kinofilmi bilen açyldy.

Festiwalyň baýragy ugrunda 20 kinofilm bäsleşige gatnaşar. Olaryň arasynda Pedro Almodovar, Olivier Assayas, Darmenne doganlary, Xavier Dolan, Jim Jarmusch, Ken Loach, Brilliante Mendoza, Cristian Munjiu, Sean Penn, Paul Verhoeven, Nicolas Winding Refn ýaly režissýorlaryň filimleri hem bar.

Bäsleşikden daşgary-da Shane Black, Jodie Foster, Na Hong Jin, Steven Spielberg we beýlekileriň täze filmleri halk köpçüligine hödürlener.

"Ýörite syn" bölüminde bolsa Russiýa, Argentina, Müsür, Niderlandlar, Ysraýyl, Eýran, Italiýa, Rumyniýa, Singapur, ABŞ, Finlýandiýa, Fransiýa, Ýaponiýa ýaly ýurtlaryň kinofilmlerine syn ediler.

Festiwalyň "Gyzyl palma şahasyny" we beýleki baýraklaryny bolsa oňa mynasyp bolanlara awstraliýaly kinorežissýor George Miller bilen halkara emin agzalar topary gowşurar.

Kinorežissýorlar wenger Laszlo Nemes, fransuz Arnaud Desplechin, italýan Valeria Golino, Amerikan aktrisasy Kirsten Dunst, daniýaly aktýor Mads Mikkelsen, kanadaly aktýor Donald Sutherland, fransuz aktrisasy Venessa Paradis we eýranly prodýuser Kataýoon Shahabi dagylar emin agzalarynyň hataryna girýärler.

11-nji maýda başlan bu festiwal 22-nji maýa çenli dowam eder.

XS
SM
MD
LG