Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Merkezi Aziýa “suw ýetenok”


"1990-njy ýyllarda Merkezi Aziýada suw meseleleri bilen bagly jedeller döräp başlady".
"1990-njy ýyllarda Merkezi Aziýada suw meseleleri bilen bagly jedeller döräp başlady".

Suwaryş möwsüminiň 1-nji aprelde başlanandygyna garamazdan, merkezi aziýa döwletleri şu ýyl üçin ulanyljak suwy we onuň möçberi bilen bagly shemany düzüp ýetişenoklar.

Merkezi Aziýanyň suw hojalygy boýunça Koordinasion kommissiýanyň Halkara ylmy-barlag merkeziniň şahamçasynyň direktory Nariman Kipşakbaýew Merkezi Aziýadaky suw problemasynyň diňe bu regionyň döwletleriniň özara hyzmatdaşlygy netijesinde çözülip bilinjekdigini aýdýar.

Azatlyk Radiosy: Merkezi Aziýada birnäçe döwletiň içinden üstaşyr geçýän, ýagny şärikli derýalara bagly suw üpjünçilik meselesi heniz hem çözlenok. Görnüşine görä, çözülme-hä beýle-de dursun, gaýta bu mesele barha çylşyrymlaşyp barýar. Siz munuň bilen ylalaşýarmysyňyz?

N.Kipşakbaýew: Ilki bilen, Merkezi Aziýa sebitinde şärikli derýalaryň meselesiniň juda çylşyrymlydygyny, beýle ýagdaýlaryň dünýäniň hiç bir sebitinde-de ýokdugyny belläp geçmelidiris.

Syrderýanyň boýunda ýaşaýan ilat gün-güzeranyny, esasan, ekerançylykdan gelýän girdeji bilen aýlaýar. Bu ýerdäki 67 millionlyk ilatyň durmuşy gönüden-göni derýa suwuna bagly.

Syrderýa bilen Amyderýa bäş döwletiň suw üpjünçiligini doly derejede kanagatlandyryp bilenok. Suw ýetenok. Şol bir wagtda suwuň hili bilen bagly soraglar hem orta çykyp başlady. Suw azaldykça, onuň hili hem peselýär.

Häzir merkezi aziýa sebitiniň ilatynyň artmagy, ykdysadyýetiň ösmegi bilen suwa bolan talap hem gitdigiçe artýar. Syrderýanyň basseýniniň tebigy suw zapasy 37 milliard m3-e deň. 1990-njy ýyllarda regionyň döwletleri Syrderýadan 50 milliard m3 suw alyp ulanýardylar.

Biz Syrderýanyň basseýniniň suwundan başga-da, eýýäm ulanylan we zeý suwlaryndan hem peýdalanyp başladyk. Eger men beýle ýagdaýyň dünýäniň hiç bir sebitinde ýokdugyny aýtsam, ýalňyşmaryn.

Nariman Kipşakbaýew
Nariman Kipşakbaýew

Azatlyk Radiosy: Regionyň döwletleri bu meseläniň hötdesinden gelmek üçin özara hyzmatdaşlyk edýärlermi?

N.Kipşakbaýew: 1990-njy ýyllarda Merkezi Aziýada suw meseleleri bilen bagly jedeller döräp başlady. Mundan owal Amyderýadan we Syrderýadan goýberilýän aýlyk, sagatlyk suwuň möçberini Moskwa kesgitleýärdi.

Sowet Soýuzynyň dargamagy bilen Moskwadaky Suw-hojalyk ministrligi hem öz işini bes etdi. Emma 1991-nji ýylda – entek Sowet Soýuzy doly dargamanka – Merkezi Aziýanyň Suw-hojalyk ministrlikleri Daşkentde duşuşyp, meseläni öz güýçleri bilen çözmäge synanyşypdylar.

Sowet Soýuzy dargandan soň 1992-nji ýylyň fewralynda agzalýan topar Almatyda ýene bir gezek duşuşyp, suw resurslaryny ulanmak boýunça ýörite şertnama baglaşdy. Häzir suw bilen bagly ýüze çykýan ýagdaýlar hut şu ylalaşyk esasynda düzgünleşdirilýär.

Merkezi Aziýanyň hökümetara Suw-hojalyk komissiýasy hem şol wagt esaslandyrylypdy. Komissiýanyň nobatdaky duşuşygy 19-njy maýda Almatyda geçer.

Azatlyk Radiosy: Bu Komissiýa näderejede netijeli işleýär?

N.Kipşakbaýew: Häzire çenli şu ýylyň Merkezi Aziýadaky suwarymly ekin meýdanlarynyň näçeräk suwa mätäçdigi we suwuň möçberi baradaky soraglar çözlenok. Adatça, bu görkezijiler 1-nji aprele çenli kesgitlenilmeli. Suw-hojalyk ýyly 1-nji aprelde başlanyp, indiki ýylyň 31-nji martyna çenli dowam edýär.

Azatlyk Radiosy: Birnäçe döwletiň içinden üstaşyr geçýän, ýagny şärikli derýalaryň boýlarynda täze suw desgalarynyň gurulmagy belli bir jedelleri hem döretdi. Bu ýagdaýlar barada näme aýtsa bolar?

N.Kipşakbaýew: Meniň pikirimçe, suw resurslarynyň üpjünçiligi kesgitlenende, serhet meseleleri ikinji plana geçmeli. Haçan-da Gyrgyzystan we Täjigistan uly suw proýektlerine başlanlarynda, Özbegistanyň alada galmagynyň sebäplerine düşünse bolýar.

Suw ýetmezçilik edýän wagty ýene bir howdanyň gurulmagy manysyz, bu eýýäm artykmaç bolýar. Merkezi Aziýa sebitinde suwuň bir bedre möçberinde azalmagy-da umumy ýagdaýa özüniň oňaýsyz täsirini ýetirip bilýär. Täze gurulýan suw desgalary suwuň akymyna we bugarma proseslerine ýaramaz täsir edýär.

Gyrgyzystanda we Täjigistanda energiýa resurslarynyň ýetmezçiligi bar. Bu bir fakt. Sowet döwri Gazagystan, Özbegistan we Türkmenistan has ýokarky akymda ýerleşän Täjigistana we Gyrgyzystana nebit, kömür, gaz berip, bularyň öwezine suw alardylar. Häzir beýle ýagdaý ýok.

Şol sebäpli Gyrgyzystan we Täjigistan suw resurslaryny has köp öz bähbitleri üçin peýdalanjak bolýarlar. Emma suwuň syýasy basyş üçin bir gural hökmünde ulanylmagy hiç gowy netije bermez.

Azatlyk Radiosy: Bu ýagdaýda Türkmenistanyň Garagumda “Altyn Asyr” kölüni gurmak ugrundaky işleri näderejede oňaýly?

N.Kipşakbaýew: Belki, bu Türkmenistanyň özi üçin bähbitlidir. Amyderýanyň suwy Syrderýanyňka garanyňda iki esse dagy köp. Eger-de Syrderýanyň giňisligindäki ulanyp bolmaýan, şor suwuň möçberi 10-11 milliard m3 bolsa, Amyderýanyň giňişliginde bu 20-24 milliard m3-e deň. Ekin meýdanlaryny ýuwup geçen bu şor suwy şol durşuna gaýtadan suwaryş üçin ulanyp bolmaýar. Eger-de ol täzeden derýa goýberilse, onda Garagalpagystanyň ýaşaýjylaryna kyn düşer.

Ilkibaşdan beýle suwlaryň ulanylmagynyň iki ýoly bar. Birinjisi, ony Aral deňzine akdyrmak. Ikinjisi, Syrderýanyň we Amyderýanyň arassa suwlary bilen garyp, ekin meýdanlarynda ulanmak.

Emma bu boýunça ylalaşyga gelmek başartmady. Şol sebäpli Türkmenistan “Altyn Asyr” kölüne arassa suwlary hem akdyryp başlady. Emma bu Aral deňziniň suwy. Meniň pikirimçe, ol deňze akdyrylsa, has gowy bolardy...

XS
SM
MD
LG