Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda amerikan filmleri görkezilýär


"Aşagabt" kino zaly
"Aşagabt" kino zaly

Tanymal amerikan kinoçylary, režisýor Stiwen (Sendi) Smolan we kinematograf Kristofer Çomin, “Amerikan filmleriniň görkezilişi” atly medeni programmanyň çäklerinde, 20-25-nji maý aralygynda Aşgabatda saparda bolup, ýerli kinoçylar bilen öz tejribelerini paýlaşarlar diýip, Aşgabatdaky Amerikan ilçihanasy 20-nji maýda habar berdi.

Bu iki kinoçy ilçihananyň Maglumat serişdeleri merkezinde (MSM) we “Aşgabat” kinoteatrynda amerikan kinolarynyň tomaşasyny gurap, filmler barada pikir alşarlar.

Bu çäräniň dowamynda “Reýçel derýasy”, “Wirtual dünýä”, “Gyzlar++”, “Uly arzuw”, “Topspin” ýaly filmler görkeziler diýip, habarda aýdylýar.

XS
SM
MD
LG