Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident Obama Wetnama, Ýaponiýa sapar edýär 


 Prezident Barak Obama
Prezident Barak Obama

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama 21-nji maýda Waşingtondan bir hepdelik sapar bilen Aziýa ugrady.

Bu saparyň maksady Aziýa sebiti bilen ykdysady we howpsuzlyk hyzmatdaşlygyny güýçlendirmekden ybarat.

Obama Wetnamda üç gün bolmagy planlaşdyrýar. Ol Wetnamyň esasy ýolbaşçylary bilen duşuşyp, ABŞ-Wetnam gatnaşyklary barada söz sözlär.

Şeýle-de ol iş adamlary we raýat jemgyýetiniň agzalary bilen duşuşar. Wetnamdan soň, Obama Ýaponiýa baryp, senagat taýdan ösen ýurtlaryň Ýediler toparynyň sammitine gatnaşar.

XS
SM
MD
LG