Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat: YÖB TOPH-a gyzyklanma bildirýär


Hindistanyň, Pakistanyň, Owganystanyň we Türkmenistanyň liderleri.
Hindistanyň, Pakistanyň, Owganystanyň we Türkmenistanyň liderleri.

Türkmenistan, TOPH halkara gazgeçirijisiniň gurluşygyny maliýeleşdirmek üçin, Yslam ösüş banky (YÖB), Saudy ösüş fondy we ýapon hökümeti bilen gepleşikleri geçirýär diýlip, “Reuters” habar gullugynyň websaýtynda habar berilýär.

“Reutersiň” 21-nji maýda beren maglumatyna görä, Türkmenistan, Owganystan, Pakistan we Hindistan (TOPH) gazgeçiriji proýektiniň resmisi Muhammetmyrat Amanow türkmen hökümetiniň bu barada agzalýan taraplar bilen gepleşikleri geçirýändigini aýdýar.

“Yslam ösüş banky taslamanyň diňe Türkmenistanyň territoriýasyndan geçýän bölegini däl, eýse Owganystanyň we Pakistanyň çäklerinden geçýän böleklerini hem maliýeleşdirmäge bolan gyzyklanmasyny we taýýarlygyny mälim etdi” diýip, Amanow sişenbe güni “Awaza” syýahatçylyk zolagynda geçirilen konferensiýada belledi diýip, düýbi Londonda ýerleşýän habar agentliginiň maglumatynda nygtalýar.

“Şeýle-de, biz Saudy ösüş fondy we Ýaponiýanyň hökümeti bilen duşuşyklary geçirýäris. Olar özleriniň [bu proýektiň gurluşygyna bolan] gyzyklanmalaryny beýan etdiler” diýip, Amanow sözüniň üstüni ýetirýär.

Ykdysady kynçylyklaryň üstüni örtmek

Gepiň gerdişine görä bellesek, türkmen gazyny Owganystanyň we Pakistanyň üsti bilen Hindistana akdyrmagy göz öňünde tutýan bu gazgeçiriji proýektiň gurluşygyna geçen ýylyň 13-nji dekabrynda Mary welaýatynda badalga berlipdi. Şonda türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow taslamanyň gurluşygynyň 2019-njy ýylyň ahyryna çenli tamamlanjakdygyny aýtdy.

Şeýle-de Pakistanyň “The Express Tribune” neşirinde berlen maglumata görä, Türkmenistan gurluşygynyň umumy bahasy 10 milliard amerikan dollaryna barabar boljakdygy çaklanylýan bu proýektiň çykdajysynyň 85%-ni öz üstüne aldy. Umumy uzynlygy takmynan 1800 kilometre barabar bolan bu gazgeçirijiniň 730 kilometri Owganystanyň territoriýasyndan, şol sanda ýurduň howpsuzlyk taýdan durnuksyz welaýatlaryndan geçýär.

Käbir regional ekspertler, Owganystandaky howpsuzlyk şertlerini we dünýäde gazyň bahasynyň pese gaçmagyny göz öňünde tutup, bu proýektiň amala aşmak mümkinçiligine şübheli garaýarlar we resmi Aşgabat TOPH proýekti arkaly ýurduň ykdysady kynçylyklarynyň üstüni örtjek bolýana çalym edýär diýýärler.

Daşary ýurt kompaniýalaryny çagyrmak

Şol bir wagtda Türkmenistan eýýäm ençeme wagt bäri käbir daşary ýurt kompaniýalaryny TOPH-yň gurluşygyna gatnaşmaga çagyryp gelýär.

Şu ýylyň aprel aýynda Kataryň Olimpiýa komitetiniň başlygy Jauan bin Hamad Al-Taniniň Aşgabada eden saparynyň dowamynda türkmen prezidenti G.Berdimuhamedow Kataryň işewür toparlaryny TOPH gazgeçirijisini gurmak boýunça taslamanyň gurluşygyna gatnaşmaga çagyrdy.

Emma türkmen metbugatynda berlen maglumatda Kataryň Olimpiýa komitetiniň başlygynyň bu çagyryş bilen bagly reaksiýasy barada hiç bir zat aýdylmady.

TOPH proýektiniň gurluşygy bilen baglanyşykly gepleşikler 1990-njy ýyllaryň başyndan başlanypdy. Şondan bäri bu proýekte dünýäniň ençeme abraýly kompaniýalary gyzyklanma bildirse-de, soňundan “ExxonMobil”, “Şewron” we “Total” özleriniň bu taslamadan çekilýändigini mälim edipdiler.

XS
SM
MD
LG