Sepleriň elýeterliligi

Aşgabat Katary TOPH-a goşulmaga çagyrýar


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni Kataryň Olimpia komitetiniň başlygy Jauan bin Hamad Al-Tanini kabul edip, Kataryň işewür toparlaryny tebigy gazy gaýtadan işlemek baradaky bilelikdäki maýa goýum taslamalaryna gatnaşmaga, şeýle-de Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan halkara gaz geçirijisini gurmak boýunça taslamanyň gurluşygyna gatnaşmaga çagyrdy.

TDH katarly myhmanyň Türkmenistanda apreliň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen bedewi baýramynyň dabaralaryna gatnaşmaga gelendigini habar berýär.

Türkmen telewideniýesiniň anna güni, prezident G.Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açylan desgalar, hususan-da Halkara ahal-teke atçylyk-sport toplumynyň we Aba Annaýew adyndaky häzirki zaman obasynyň açylyş dabaralary barada taýýarlan maglumatynda katarly myhmanlaryň prezident bilen dabara gatnaşyşy görkezilýär.

Türkmen prezidenti öz ýurdunyň Olimpia komitetine ýolbaşçylyk edýän Jauan bin Hamad Al-Tani bilen gepleşiklerde Katar bilen Türkmenistanyň arasyndaky döwletara gatnaşyklarynyň derejesine ýokary baha beripdir.
Habarda aýdylmagyna görä, iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklara Katar döwletiniň emiri şeýh Tamim Bin Hamad Al-Taniniň şu ýylyň mart aýynda Türkmenistana eden resmi sapary mahalynda täze itergi berlipdir.

Türkmen lideriniň katarly resmi bilen duşuşygynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek we çuňlaşdyrmak barada gürrüň edilendigi aýdylýar.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň we Katar döwletiniň söwda-ykdysady gatnaşyklaryny yzgiderli giňeltmek, haryt dolanyşygyny artdyrmak... üçin uly mümkinçiligiň bardygy bellenipdir.

Emma habarda Kataryň Olimpia komitetiniň başlygynyň TOPH proektine gatnaşmak baradaky çagyryş bilen bagly reaksiýasy barada hiç bir zat aýdylmaýar.

Mälim bolşy ýaly, Aşgabatda Türkmenistandan Hindistana tebigy gaz akdyrmagy nazarda tutýan TOPH proektiniň öz territoriýasyndaky bölegine gurluşygyna badalga berdi. Emma halkara ekspertleriniň arasynda bu proýektiň amala aşmak mümkinçiligine şübheli garaýanlar-da bar.

Eurasianet” neşiri hem golaýda TOPH proýektiniň amala aşyp-aşmajakdygy barada ýörite syn çap etdi. Onda käbir regional ekspertler TOPH proýektiniň eýýäm wagtynyň geçen bolmagynyň ähtimaldygy baradaky pikiri öňe sürýärler.

Hususan-da Glasgow uniwersitetiniň Merkezi Aziýa bölüminiň ýolbaşçysy, ylymlaryň doktor Luka Açesçiniň pikirine görä, resmi Aşgabat TOPH proýekti arkaly ýurduň ykdysady kynçylyklarynyň üstüni örtjek bolýana çalym edýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG