Azerbaýjanyň Baş sudy AÝ/AR-nyň žurnalisti Hadija Ismaýylowanyň tussaglyk möhletini ýedi ýarym ýyldan üç ýarym ýyllyk şertli möhlete çalyşmak we ony tussaglykdan boşatmak barada görkezme berdi.
Sud bu kararyny 25-nji maýda žurnalistiň arzasyna seredip geçiren diňlenişiginde yglan etdi.
Ismaýylowa 2014-nji ýylyň dekabr aýynda tussag edilipdi we 2015-nji ýylyň sentýabr aýynda salgytdan gaçmakda we bisarpacylykda aýyplanyp, türmä höküm edilipdi.
Günbatar hökümetleri we metbugat azatlygyny goraýan halkara toparlary Ismaýylowanyň boşadylmagyna çagyryş edipdiler.
27-nji maýda hökümete degişli bolmadyk guramalar 40 sany şäherde ýöriş geçirip Ismaýylowanyň doglan gününi bellemegi planlaşdyrýarlar.