Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetdäki açgözlügi açýan eser


Piter Pomerantsew
Piter Pomerantsew

Piter Pomerantsewiň «häzirki zaman Orsýetindäki açgözlügi we korrupsiýany joşgun bilen paş edýän» kitaby, «Hakykat ýok we hemme zat mümkin», «ýer-ýurduň ruhuny oýandyrýan» iň gowy esere berilýän baýraga, Patyşalyk edebiýat jemgyýetiniň ýyllyk Ondaatje baýragyna (£10,000) mynasyp boldy.

Bu sylag çeper we dokumental eserlere, goşgulara berilýär. Pomerantsewiň kitabynda žanrlar, derňew žurnalizmi, tankyt we syýahat ýazgylary arasynda, her bapda diýen ýaly gezekleşdirilýär.

"Hakykat ýok, hemme zat mümkiniň" jildi
"Hakykat ýok, hemme zat mümkiniň" jildi

Bu kitap finala çykan beýleki bäş kitabyň arasyndan, syýasat we daşky gurşaw temasyndan ýazylan eserleriň içinden ýeňiji edilip seçildi.

«Guardian» gazetiniň bu kitap hakynda ýazan makalasynda Pomerantsew özüniň bir ýagdaýa, «täze Orsýetde döwlet tarapyndan boýna dakylýan psihologiýa, ähli şahslaryň özgerijidigi babatdaky aýak depmä, hiç zadyň hakyky däldigine we hemme zadyň mümkindigine» haýran galandygyny aýdýar.

Ukrainada doglan, häzir Londonda ýaşaýan Pomerantsew žurnalist, kinorejisser, Ýewropa Bileleşiginde we Bütindünýä bankynda konsultant, geňeşçi bolup işledi.

Pomerantsewiň kitaby “Ruslar täze bir akyma aýlandylar, ýagny olar iň baý, iň güýçli we iň howply adamlara öwrüldiler. Iň köp nebitem, iň köp owadan aýalam, iň gowy oturylyşyk-şagalaňlaram şolardady» diýen sözler bilen başlanýar.

Olar hemme zady satmaga taýýar bolanlyklaryndan islendik zady – Londondaky futbol, Nýu-Ýorkdaky basketbol klublaryny, sungat kolleksiýalaryny, britan gazetlerini we Ýewropanyň energiýa kompaniýalaryny satyn almaga taýýar adamlara öwrüldiler.
Piter Pomerantsew

“Olar hemme zady satmaga taýýar bolanlyklaryndan islendik zady – Londondaky futbol, Nýu-Ýorkdaky basketbol klublaryny, sungat kolleksiýalaryny, britan gazetlerini we Ýewropanyň energiýa kompaniýalaryny satyn almaga taýýar adamlara öwrüldiler” diýip, Pomerantsew olara hiç kimiň düşünip bilmändigini belleýär.

Şeýle-de onuň kitabynda ruslaryň hem edepsiz, hem sap, hem mekir, hem ýöntem bolandygy, Moskwada durmuşyň, ähli reallyk duýgularyny çym-pytrak edip, okgunly özgerişi, ýaş oglanlaryň göz açyp-ýumasy salymda milliarder bolşy barada gürrüň edilýär.

Sudýa we BBC-niň žurnalisti Keýt Adiýe “Hakykat ýok, hemme zat mümkine» baha berip, ony «häzirki zaman Russiýasyndaky açgözlügiň we korrupsiýanyň joşgunly paş edilmegi» hökmünde häsiýetlendirdi.

Sudýalaryň biri, şahyr we ýazyjy Moniza Alwi hem Pomerantsewiň kitabynyň«elden düşürtmän okadýan düýpli eserdigini», şol bir wagtda hem «duýduryş, biziň zamanymyz üçin doga-dileg» bolup durýandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG