Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin ÝB bilen gatnaşyklary dikeltmäge cagyrýar


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin
Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Ýewropa Bileleşigine (ÝB) şu ýyl etjek ilkinji saparynyň öňüsyrasynda eden çykyşynda Moskwanyň we Brusseliň arasyndaky gatnaşyklary dikeltmäge çagyrdy.

Putin 27-nji maýda Gresiýa etjek iki günlük saparyna başlamazdan ozal ÝB-niň Orsýetiň Ukrainadaky agressiýasy sebäpli girizen ykdysady sanksiýalaryna garamazdan, Ýewropa bilen energiýa hyzmatdaşlygyna we orsýetliler üçin wiza ýeňilliginiň girizilmegine çagyrdy.

“Biz ÝB bilen gatnaşyklarymyzyň çözüp bolmajak hiç hili problema duçar bolmajagyna ynanýarys” diýip Putin Gresiýanyň “Kathimerini” gündeliginde 26-njy maýda çap bolan makalasynda belledi.

Kremliň aýtmagyna görä, Putiniň saparynyň dowamynda Orsýetiň we Gresiýanyň arasynda “ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň” ençemesine gol çekiler.

Putin 27-nji maýda Afinada Gresiýanyň prezidenti Prokopis Pawlopoulos we premýer-ministr Aleksis Tsipras bilen duşuşýar.

Putin we Tsipras Orsýetiň Tretýakowskaýa galereýasynyň Gresiýanyň Hristian we Wizantiýa muzeýine wagtlaýynça beren Andreý Rublýowyň “Wozneseniýe” atly meşhur ikonasynyň açylyş dabarasyna gatnaşarlar.

28-nji maýda Orsýetiň Prawoslaw hristianlaryň iň mukaddes ýerleriniň biri Gresiýanyň Afon adasynda ornaşmagynyň 1000-nji ýyl dönümi bellenýär.

XS
SM
MD
LG