Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan haly baýramyny belleýär


Haly baýramyna taýýarlyk

Türkmenistanda, adat bolşy ýaly, maý aýynyň soňky ýekşenbesinde Haly baýramçylygy bellenilýär.

Bu gün ýurtda Haly baýramçylygyna bagyşlanan konsertler, köpçülikleýin gezelenç guralýar, çeper elli halyçylara prezidentiň adyndan sylaglar we gymmatbaha sowgatlar gowşurylýar diýip, RIA Nowosti Aşgabatdan habar berdi.

Türkmenistan.ru internet gazeti paýtagt Aşgabatda Haly baýramyna gabat halkara serginiň açylandygyny habar berýär. Bu sergide «Türkmenhaly» birleşiginde dokalan seýrek halylar hem goýlupdyr.

Metbugat habarlarynda aýdylmagyna görä, 2015-nji ýylda Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki halyçylyk sehlerinde 42 müň 860 kwadrat metr haly dokalypdyr.

XS
SM
MD
LG