Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“YD-a” garşy söweşiň arkasyndaky howplar


"Yslam döwleti" atly ekstremistik toparyň jeňçilerine garşy iki frontda alnyp barylýan söweş barha güýjeýär.

Yragyň goşuny, şeýle hem, esasan, şaýy meýletin söweşijilerinden durýan koalisiýa Birleşen Ştatlaryň howadan urýan zarbalarynyň kömegi bilen 23-nji maýdan bäri Bagdadyň 40 kilometr günbatarynda ýerleşýän Falluja tarap ilerläp barýar.

Çak edilişine görä, häzir bu şäherde 50 müň bilen 100 müňüň aralygynda parahat ilat bar. Şäheriň ýaşaýjylarynyň käbiri Amerikanyň "USA Today" gazetine "Yslam döwleti" jeňçileriniň olary galkan edinip ulanýandygyny aýtdylar.

"Yslam döwleti şäheriň töwereklerinde ýaşaýan maşgalalary şäheriň merkezine göçürip başladylar. Käbir maşgalalary keselhanalaryň jaýlarynda saklaýarlar" diýip, fallujaly Salem al Halbusi aýdýar. Halbusi öz howpsuzlygyny goramak üçin başga maglumat bermekden saklanýar.

Mezhebara dartgynlylygyň “tutaşmagy mümkin”

Parahat ilatyň ol ýerde bolmagy Fallujany azat etmäge synanyşýanlaryň işini haýallatmagy mümkin. Ýöne şäherden gaçyp çykan adamlar "Yslam döwleti" topary ýeňilmezden öň, gabawdaky ilatyň açlykdan ölmegi ýa gaçmaga synanyşanlaryň öldürilmegi mümkin diýýärler. Näme-de bolsa, üns merkezinde bolan Birleşen Ştatlaryň ýolbaşçylygyndaky koalisiýa bolar.

Dawid Patrikarakosyň geçen hepde Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosyna ýazmagyna görä, "Yslam döwleti" topary Fallujada çalt ýeňläýse-de, mezhebara dartgynlylygyň tutaşmagy mümkin.

Ýagdaý Siriýanyň demirgazyk-gündogarynda "Yslam döwletiniň" özüniň paýtagty diýip yglan eden şäheri Rakka ugrunda barýan söweşde-de şeýle. Wladimir wan Wilgenburgyň üstümizdäki aýyň başlarynda düşündirişi ýaly, "Yslam döwletini" ýeňmek barada serhediň Siriýa tarapynda alnyp barylýan synanyşyklara "Siriýanyň demokratik güýçleri" ýolbaşçylyk edýär. Bu hem arap söweşijileri bilen kürt söweşijilerini öz içine alýan bir ýaranlyk. Ýöne Siriýanyň demokratik güýçleri dürli toparlardan düzülen hem bolsa - bu toparlaryň sany indi barha artmak bilen - onda agdyklyk edýän "Demokratik Bileleşik" partiýasynyň, ýagny PYD-niň harby goly bolan Halkyň goragy birlikleri (YPG). "PYD" bolsa, Türkiýede bikanun diýip yglan edilen Kürdüstanyň Işçiler partiýasy PKK bilen berk baglanyşykly.

PKK bilen YPG-niň arasyndaky tapawut

Bu ýerdäki problema hem Birleşen Ştatlar, hem-de Türkiýe tarapyndan terroristik gurama diýip bilinýän PKK-nyň NATO ýarany Türkiýe bilen uruş alyp barýandygydyr. Aprel aýynda Amerikanyň döwlet departamentiniň sözçüsi Jon Kirbi "YPG' terroristik gurama diýip yglan edilenok, ýöne PKK yglan edildi. Bu barada üýtgän zat ýok" diýdi.

Emma Türkiýe PKK bilen YPG-niň arasynda hiç bir tapawut görenok. Bu makala üçin pikiri soralan ekspertler hem bular biri-birinden aýry diýenok. Kürtleriň kontrollygyndaky territoriýada ýaşaýan we howpsuzlyk sebäpli adynyň berilmegini islemedik bir çeşmäniň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, YPG-niň PKK-niň partizan ýolbaşçylarynyň hut özüne hasabat berýändigine şübhe ýok.

"The Atlantic Council" barlag guramasynyň işgärleri Aaron Stein bilen Miçelle Foleý tarapyndan taýýarlanan bir raportda YPG bilen PKK-nyň biri-birine baglanyşyklydygy görkezilýär. Kürt söweşijileriniň özleri-de bu ikisiniň bir guramadygyny boýun alýarlar.

Belgileri dakynmazlyk barada görkezme

Amerikan esgerleri Siriýada YPG-ni goldaýarlar. "AFP" habar gullugynyň bir fotosuratçysy tarapyndan düşürilen suratda Amerikanyň ýörite güýçleriniň esgerleriniň Rakka welaýatyndaky front liniýasynyň golaýynda kürt söweşijileri bilen bir hatarda iş alyp barýandygy we esgerleriň käbiriniň YPG-niň harby belgilerini dakynandygy görkezilýär. Siriýa boýunça ekspert Mihael Weiss bu belgileriň PKK-nyň baýdagyndan alnandygyny belleýär.

27-nji maýda Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlut Çawuşoglu žurnalistlere şeýle diýdi: "Biziň ýaranymyz we özüniň terrorizme garşy göreşýändigini aýdýan amerikan esgeleriniň bir terroristik guramanyň belgilerini dakynmagy kabul ederliksiz. Biz olara Siriýanyň beýleki sebitlerinde eden harby operasiýalarynda Daeşiň (Yslam döwleti), al-Nusranyň we al-Kaýdanyň belgilerini dakynmagy maslahat berýäris. Afrika gitseler-de, Boku Haramyň belgilerini dakynsynlar".

Ondan birnäçe sagat soňra "Yslam döwletine" garşy söweşýän koalisiýa OIR-iň sözçüsi müňbaşy Stew Warren esgerlere bu belgileri dakynmazlyk barada görkezme berlendigini aýtdy.

PKK bilen Türkiýäniň arasyndaky söweş

PKK bilen Türkiýäniň arasyndaky söweşler soňky hepdelerde möwjedi.

13-nji maýda PKK-nyň jeňçileri Türkiýäniň bir "AH-1W Super Cobra" dikuçaryny "SA-18" raketa bilen atyp ýykdylar. Kürdüstanly çeşme PKK-nyň birnäçe wagt bäri bular ýaly ýaraglarynyň bardygyny aýtsa-da, düýbi Waşingtondan ýerleşýän institut "Study of War" bu ýaragyň Siriýadan ýa Yrakdan gelen bolmagy mümkin, ýöne "PKK-nyň bu ýaragy bir daşary aktýordan alan bolmagy has ähtimal" diýýär.

Bu kandidat hem Orsýet diýlip çaklanýar. Orsýet - ýa onuň Siriýa we Eýrandaky ýaranlary - PKK-ny ýaraglandyrýar diýen pikir türk metbugatynda güýçlendirildi. Türkiýäniň habar gullugy "Anadolu Agentligi" öz çeşmelerine salgylanyp, bu işleriň dekabrda Orsýetiň harby uçary urlup ýykylanyndan soň başlanandygyny habar berdi. Bu aýdylýanlar dogry bolmasa-bolmasa-da, bu aýyplamalaryň Türkiýe bilen Orsýetiň arasynda bir proksi urşuň oduny ölçermegi mümkin. Bu bolsa, tutuş regiona ýaýrap biler.

XS
SM
MD
LG